Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Ş.Batyrow adyndaky daýhan birleşiginde ýagyş görnüşinde suwarýan uly enjam gurnaldy hem-de işläp başlady. Ol hususy önüm öndürijiniň güýzlük bugdaý ekilen 300 gektar meýdana hyzmat eder.
Şunuň ýaly ýagyş usulynda suwarýan enjam türkmen oba hojalyk önümçiliginde iş ýüzünde ilkinji gezek ulanylýar. Ol suwarmak üçin jikme-jik meýilleşdirilen meýdany talap etmeýär. Onuň suwaryjylyk mümkinçilgi (300 ga çenli) gurluşy we 1000 metre ýetýän uzynlygy bilen şertlendirilendir. Enjamyň direge berkidilen suwaryş ganatlary ekin meýdanyna görä öňde we yzda ýerleşýär. Bu bolsa ekin ekilen meýdanyň ähli ýerini endigan suwarmaga mümkinçilik berýär.
Ýagyş usulynda suwarýan bu enjam täze suw ugurlaryny çekmekde goşmaça maýa goýumyny talap etmeýär, oňa suwy toplamak üçin açyk ýerde akyp ýatan islendik suwly ýap bolýar. Ol ulanylanda suw tygytlylygy öňki ýerüsti suwaryş ulgamyna garanyňda suwy iki esse tygşytlaýar. Bu enjamyň suw bilen baglanyşykly bölekleri gyzgyn sink çalynmagy netijesinde poslamakdan goraglydyr. Şunlukda onuň örtigi uzak wagtlaýyndyr, minerallaşan, duzly we aşgarly gurşawa durnuklydyr.
Oba hojalyk işgärleriniň talaplaryny nazara almak bilen, bu enjam topraga mineral dökünlerini suw bilen bilelikde bermek, ösümlikleri kesellerden, zyýan berijilerden, haşal otlardan goraýn serişdeleri suw bilen bilelikde işläp taýýarlaýn elementler bilen üpjün edilendir, ýagny möwsümleýin meýdan işlerinde yzyn pürkiji enjam dakylan traktorlaryň ýerini tutmaga ukyplydyr. Bu hem bolsa oba hojalyk önümçiligine edilýän çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär.
Ýagyş usulynda suwarýan enjam Valley amerikan kompaniýasy tarapyndan öndürildi. Kompaniýa 1946-njy ýyldan bäri işläp gelýär. Ol oba hojalgy, senagat we kommunal ulgamlary üçin tygşytly suwaryş we suw üpjünçiigi enjamlaryny taslamak we öndürmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hatarynda durýar. Valley GPS goldamagynda ýokary tehnolgiýaly distansion dolandyrylýan we ygtybarly, wagtyň barlagyndan geçen dürli görnüşli suwaryş enjamlaryny öndürýär.
“Erdem” hyzmat ediş gullugy Valley-iň Türkmenistandaky wekili bolup durýar. Onuň baş edarasy paýtagtda, şahançalary ýurduň dürli sebitlerinde ýerleşýär. Hyzmat ediş gullugynyň hünärmenleriniň belleýişleri ýaly, kompaniýanyň önümleri türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijilerini özüniň hili we artykmaçlyklary bilen gyzyklandyrdy. Şonuň üçin gullugyň edaralaryna bu kämil enjamlary almak üçin köp sanly buýurmalar gelip gowuşýar.
Şeýlelikde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň “Aşyk aýdyň” daýhan birleşigi Valley-iň halkalaýyn suwaryş ulgamynyň buýurjysy bolup durýar. Bu ýerde eýýäm ony gurnamak we sazlaýyş işleri alnyp barylýar. Bu ýerde, 174 gektar meýdanda suwaryş işleri täze enjamyň kömegi arkaly alnyp barylar. Şular ýaly täze enjamlar welaýatyň daýhan birleşikleriniň ýene-de sekizsinde gurnalar. Bu ýerlerde eýýäm “Erdem” hyzmat ediş gullugynyň hünärmenleri tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda enjamlary gurnamak üçin gerek boan ölçeg işleri geçirildi. Umuman, ýurduň demirgazyk sebtinde suwaryş desgalary bir ýarym müň gektar töweregi meýdana hyzmat eder. Ýagyş usulynda suwarýan enjamlaryny edinmek üçin buýurmalar ýurduň beýleki welaýatlaryndan hem gelip gowuşdy.
Türkmen oba hojalyk önümlerini öndüjileri tehnikany Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 6-njy martynda kabul eden “Oba hojalyk öndümlerini öndürijilerini maliýe taýdan goldamak” hakynda Kararyna laýyklykda aňrybaş ýeňillikli bank karz pul serişdeleriniň hasabyna alyp bilerler. Ýeňillikli karz pul serişdeleri oba hojalyk tehnikasyny, enjamlary we gurallary, suw tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryş suw geçirijilerini satyn almaga 10 ýyl möhlet bilen ýyllyk göterimi bary-ýogy 1göterim bilen berilýär. Karz pul serişdeleriniň resminamalaryny doldurmaga ýurduň ygtyýar berilen banklarynyň, esasan hem oba hojalykçylaryň esasy hyzmatdaşy bolan “Daýhabank” DTB hünärmenleri elmydama taýýar.
“Erdem” hyzmat ediş gullugynyň hünärmenleri buýurjylaryň talaplaryna laýyklykda enjamlary sazlamak, oturtmak boýunça maslahat berýärler, olary ulanmagy öwredýärler, Valley kompaniýasynyň, şeýle hem Türkmenistanda iş alyp barýan beýleki kpmpaniýalaryň tehnikalaryny we enjamlaryny tanyşdyrmak işlerini alyp barýaralr. Olaryň hatarynda «Claas» (Germaniýa), «Maschio Gaspardo» (Italiýa), «Lemken» (Germaniýa) we beýlekileri görkezmek bolar. Bu kompaniýalaryň enjamlary 29-30-njy noýabrynda paýtagtyň Sergiler köşgünde geçirilen Türkmenistanyň pagta önümleriniň halkara sergi ýarmarkasynda görkezildi.