Häzirki günlerde ýurduň 860 müň gektar bugdaý ekilen meýdanynda endigan gögeriş alyndy. Däneçileriň bellemeklerine görä, häzirki tapgyrda Lebap welaýatynyň birnäçe etraplarynda has hem gowy hilli gögeriş alyndy.
Bugdaý ekilen meýdanlaryň ählsinde ösüş suwuny bermek, hapa-haşal otlardan arassalamak, topragy mineral we organiki dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Bu işleri geçirmekde “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň tirkeg goşulan traktorlary, kömekçi tehnikalary daýhanlara uly goldaw berýär.
Güýzlik bugdaý ekişi şu ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda üstünlikli tamamlandy. Ondan soňra bolsa ekinlere ideg etmek işlerine badalga berildi. Bugdaýyň oňat hilli boý almagyna gönükdirilen möwsümleýin oba hojalyk toplumlaýyn çäreler indiki ýylyň tomus paslynyň başyna çenli dowam eder.
Geçen ekiş möwsüminde bugdaýyň gaty we ýumşak görnüşleriniň 15 görnüşinden ybarat bolan saýlama tohumyň 200 müň tonnasy ekildi. Olar “Sähraýy”, “Juwan”, “Ýolöten-1”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Batko”, “Irişka” ýaly ýokary hasylly, çalt ýetişýän, kesellere we pes temperaturalara durnukly görnüşlerinden ybaratdyr.
Türkmen gallaçylary indiki ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler.