Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda geleşikleriň 24-si baglaşyldy.
Daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiasion kerosin, kükürdi az ýangyç mazudy, polipropilen, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen azyklyk duz ýerlenildi. Mundan başga hem daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen telekeçiler degişlilikde nah ýüplügi we nah ýüplügiň galyndylaryny satyn aldylar. Baglaşylan geleşikleriň umumy möçberi ABŞ-nyň 32 million 248 müň dollaryndan geçdi.
Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Hindistandan, Gyrgyzystandan gelen işewürler we beýlekiler arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, garaköli, saryja goýunlarynyň, düýäniň we geçiniň ýüňüni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 950 müň manatdan gowrak boldy.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 342 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.