Ï Gant şugundyry ekilen meýdanlarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gant şugundyry ekilen meýdanlarda

view-icon 956
Ýurduň şugundyr ekilen meýdanlarynda hasyly ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ekerançylar eýýäm 50 müň tonnadan gowrak gant şugundyryny ýygnamagy başardylar.

Hasyly ýygnamak işlerinde ýörüteleşdirilen tehnikalar – yzy tirkegli traktorlar, ýük ulaglary, ýangyç daşaýjy ulaglar ýerlikli ulanylýar. Meýdanlardaky hasyl kabul ediş nokarlaryna daşalýar, ondan soňra ýurduň Azyk senagaty döwlet bileşiginiň “Maryşeker” PJ önümçilik bölümlerine gelip gowuşýar. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde gant şugundyry gaýtadan işlemek we şeker önümçiligi amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurtda şugundyr ekilýän meýdanyň möçberi giňeldildi. Mary welaýatynda ekilen 14 müň 900 gektardan başga hem, ýene-de gant şugundyry Balkan welaýatynada gowaçanyň ýerine ekin dolanşygy hökmünde 3 müň gektar meýdana ekildi.

Şeýleleik bilen, gant şugundyrynyň ekilýän meýdany göni ikä bölüp ekilýän Bereket we Serdar etraplarynda ilkinji hasyly ýygnamak işleri dowam edýär. Günbatar sebitde gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmegiň ilkinji tejribesi özüniň gowy netijelerini berendigini ýatlap geçmelidiris. Bu oba hojalyk ekini bu ýeriniň howa-toprak şertlerine oňat uýgunlaşamakda özüni görkezdi

Gant şugundyrynyň köp ekilýän ýeri bolan Mary welaýatynda hem şugundyryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Bu ekin welaýatyň sekiz etrabynda ekilýär. Bu ýerde gant şugundyry ýylda iki gezek – ýaz paslynda 1 müň gektara, galla oragyndan soňra bolsa ekin dolanşygy hökmünde 13müň 900 gektar meýdana ekilýär.

Şeýlelik bilen, geçen tomusda Mary sebitiniň ekerançylary tarapyndan ýazky ekilen meýdanlardan hasyl ýygnaldy, häzirki möwsümi bolsa täze ýylyň başynda tamamlamak meýilleşdirilýär.