Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 91-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzine, Hytaýdan gelen telekeçiler bolsa tehniki ýoda (“Türkmenhimiýa” DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplügi, herekete getiriji dokalan kemerler, dowar derisi, gury buýan köküniň ekstrakty, pagta süýümi ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Beliz. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 47 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Kiprden, Pakistandan, Ukrainadan gelen telekeçiler umumy bahasy 25 million 506 müň manatdan gowrak bolan ýük awtoulaglaryny, akkumulýatorlary, şeýle hem jinsi we jorap önümlerini, dokma senagatynyň taýýar önümler toplumyny, süýji-köke önümleriniň dürli görnüşlerini, arassalanan pagta ýagyny we günebakar ýagyny, garaköli, saryja goýunlarynyň we düýäniň ýüňüni, geçiniň çöprüni, nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 9 million 102 müň manatdan gowrak bolan “Türkmenaglomerat” kondisiýasyz polipropileni (Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy) we azyklyk dänäni satyn aldylar.