2015-nji ýylda 1050 müň tonna pagta we 1600 müň tonna bugdaý ýygnamak bellenildi
Ýurduň oba senagaty toplumynyň öňünde duran nobatdaky möhüm wezipeler.
2015-nji ýylda Türkmenistan boýunça 545 müň gektar maýdana gowaça ekiler. Bu meýdandan 1050 tonna pagta ýygnamak bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” Döwlet konsernine, gowaça ekýän sebitleriň häkimliklerine bu görkezijileri üpjün etmek boýunça gerek bolan çäreleriň ählisini görmek tabşyryldy.
Ugurdaş edaralar tohum bermek, tehniki hyzmatlary etmekde, gerek bolan suw we dökün bilen üpjün etmek işlerinde kärendeçilere, ekerançylara we daýhan birleşiklerine ýardam bererler.
Şeýle hem şu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnamak bellenildi..
Azyk bolçulugyny döretmek üçin Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi 2015-nji ýylda Türkmenistan boýunça 14440 gektar meýdana kartoşka we gök-bakja ekinlerini ekmek barada daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, kärendeçiler we ekerançylar bilen şertnama baglaşar.
Şeýle hem maldarçylyk pudagyny täze derejelere çykarmak göz öňünde tutuldy. 2015-nji ýylda ýurt boýunça häzirki zaman hojalyk usully maldarçylyk toplumlarynyň 48-nji gurmak meýilleşdirildi. Bu bolsa etiň (656,8 müň tonna çenli), süýdüň (2 million 536,4 müň tonna çenli), ýumurtganyň (1 milliard 255,5 millionyna çenli), ýüňüň (49,1 müň tonna çenli) öndürilişini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň giňişleýin mejlisinde çykyş etmek bilen, bu ulgamda döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolan hususy bölege möhüm orun degişlidir. Munuň üçin döwet tarapyndan 300 million manat ýa-da 100 million amerikan dollaryna golaý möçberde maksatlaýyn karz serişdelerini bölüp berýäris. Bu serişdeleri ýurduň ilatyny et we süýt önümleri bilen arzan bahalardan bilen üpjün etmäge, maldarçylyk hojalyklarynyň we fermalaryň işini talaba aýyk guramaga, ýurdumyzda maldryçylygy ösdürmäge gönükdirmeli diýip aýtdy.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Garagum derýasynyň suwuny rejeli we netijeli peýdalanmak arkaly milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň suwa bolan talabyny kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy kabul edildi.