Ï Sement önüminiň önümçiligi artdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sement önüminiň önümçiligi artdyrylýar

view-icon 1703
Türkmenistan sement öndürmek boýunça senagat kuwwatlylygyny artdyrýar: 2015-nji ýylda baý ätiýaçlyk çig mallaryna, şol sanda gurluşyk önümleriniň bu görnüşini öndürmek üçin hem eýe bolan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kuwwatlylygy ýylda bir million tonna sement öndürýän zawodyň ýene-de biri gurlar.

Pudagyň ilkinji kärhanasy – Keletäniň sement zawody 2000-nji ýylda ulanmaga berildi. Onuň taslama kuwwatlylygy ýylda 686,31 müň tonna sement öndürmäge barabardyr. Zawod M400 we M500 görnüşli portland sementini, M400 şora durnukly we tamponaž sementerini öndürýär. Sementiň bu görnüşi türkmen nebitçileri tarapyndan guýulary berkitmek üçin giňden ulanylýar.

Baharlynyň we Balkanyň sement zawodlary ýaly kuwwatlyklar Keletäniň kärhanasynyň üstüni ýetirdiler. Ahal welaýatynda Baharly sement zawody 2005-nji ýylda ulanmaga berildi Bu kärhanada ýylda M400 we M500 görnüşli ýokary hilli portland sementleriň ýylda million tonasyny öndürmäge niýetlenendir Olaryň ]nümçilik işleriniň ählisi awtomatlaşdyrylandyr, iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir, iň häzirki zaman arassalaýjy enjamlar bilen üpjün edilendir.

2013-nji ýylyň fewral aýynda “Lebap” sement zawodynyň dabaraly açylşy boldy. Bu senagat kärhanasy Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda senagat klaserasyny emele getirmekde nobatdaky tapgyr boldy. Öz innowasion tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen bu iri kärhana Orta Aziýada iň uly kärhanalaryň biridir.