Baýramaly etrabynyň Aga Ýusup geňeşliginiň çäginde ýerleşýän we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň lisenziýasy esasynda penopolisterol önümleriň köp görnüşini öndürýän “Ak hünji” hususy kärhanasynyň önümçilik binasy ýerleşýär.
Hususy kärhananyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä şu önümçiligi açmak pikiri 2009-njy ýylda dörände, ol wagtlar Türkmenistanda munuň ýaly önümçilik ýokdy. Penopolisterol önümleri ýylylyk geçirmeýän önüm bolman, eýsem ol ýaşaýyş jaýlaryň bezeginde, daşky örtgisinde ulanylyp, adaty keramzitiň we kerpiçiň tehniki – ykdysady görkezijilerini we ýylylyk geçirijilik koeffisentini deňeşdireniňde amatly hasaplanýar.
“Ak hünji” hususy kärhanasy ýerli bazaryň gurluşyk we örtgi materiallaryň arasynda eýýäm öz ornuny tapdy. Diňe 2014-nji ýylyň hasabyna kärhana penopolisterolyň 10müň kwadrat metr listini we bulardan uzynlyk metr ölçegi 700 müňden gowrak bezeg önümlerini taýýarlady. Listleriň 4 görnüşi we dekoratiw-bezeg reýkalaryň 36 görnüşi öndürilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistana eksport edilýän sendwiç panellerini öndürmeklik üçin enjamlar satyn alynan. Hususy kärhana 2015-nji ýylyň ortalarynda bu önümçiligi yzygiderli gurnamagy göz öňünde tutýar. Soňlugyça polistiroldan materiallary öndürmekde we onuň önümçiligini giňeltmekde gerek boljak tehnologiki bugy işläp çykarmak üçin gazan hem satyn alyndy. Onuň üçin modul toplaýyş sehi gurlan we inžener kommunikasiýalar çekilen.
Telekeçiligiň ösmegine we giňelmegine ýeňillikli karzlar we telekeçiligi goldaýan döwlet maksatnamalar ýardam berýär. Şu wagt işewürler dolanyşyk üçin zerur enjamlary satyn almaklyk üçin uzak we gysga möhletli amatly şertli karzlary alyp bilýärler. Önümçilik zähmeti köp talap etmeýän, ýokary mehanizirlenen we ýola goýlan.
Hususy kärhanada zähmetiň tehniki goraglylygyna we zähmet çekmäge gowy şertleriň döredilmegine esasy üns berilýär. Elli adama niýetlenen aşhanada naharlanýan işgärler mugt kärhananyň hasabyna naharlanýarlar.