Döwlet Maldarçylyk birleşiginiň Mary welaýat hojalyklarynda sürüleri gyşlatmak dowam etdirilýär.Gyş paslynyň geçen ýarty döwri maldarlaryň oňa oňat hilli taýýarlyk görendiklerine şaýatlyk edýär.
Muňa ot-iýmleriň öz wagtynda taýýar edilmegi esas bolup durýar. Eýýäm oktýabr aýynyň ahyryna gerek bolan ätiýaçlyk ot-iýmleriň taýýarlanylmagy bu işleri guramaçylykly alyp barmaga ýardam berýär. Mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy geçen ýylda Döwlet maldarçylyk birleşigine mallar üçin ot eker ýaly 8,6 müň gektar ýeriň berilmegi bilen şertlendirilendir.
Mallaryň gowy hilli gyşladylmagy çopanlaryň yhlasly zähmetine, olaryň maddy taýdan höweslenmegine, mallaryň baş sanyny abat alyp çykmaklaryna we olary köpeltmäge bolan höweslerine daýanýar. Maldarlara öri meýdanlaryndan, suwdan, alynan guzylaryň bölüşilmeginde döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler netijeli işlemäge höwes döredýär. Şonuň üçin hem olaryň her biri mallary oňat hilli gyşlatmaga çalyşýar. Hususy maldarçylyk böleginiň çopanlary hem öz saýlap alan hünärlerine çynlakaý çemeleşýärler. Esasy baş san- welaýatda bar bolan sürüleriň togsan göterimden gowragy olaryň paýyna düşýär.
Ýanwar aýynyň şu günlerinde welaýatyň öri meýdanlarynda dowarlaryň 4 million 840 müň baş sany gyşladylaýar. Olaryň sanynyň dörtden bir bölegine golaýy ýurduň günorta etraby bolan Serhetabat etrabyna degişlidir.
Şeýlelikde gyşyň ekwatory eýýäm üstünlikli geçdi, sürüleriň gyşladylmagy bilen bagly meseleleriň esasy bölegi yzda galdy. Indi mallary gurat saklamak maldarlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Sebäbi mallaryň gurat bolmaklary mart aýynyň ilkinji günlerinden başlanýan mallardan owlak-guzy almak möwsümini ýokary hilli geçirmäge öz oňaýly täsirlerini ýetirer.