Ýurtda aprel aýynyň başynda başlanyljak gowaça ekişine taýýarlyk görülýär. Meýdanlarda topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ekiljek tohumyň oňat hilli gögermegine we boý almagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Her günde sürüm işleri 10 müň gektar meýdanda geçirilýär. Bir wagtyň özünde ýuwuş suwyny tutmak, tekizleýiş işleri geçirilýär, toprak dökün bilen gurplandyrylýar, aýry-aýry meýdanlarda keş çekmek işleri geçirilýär.
Bu oba hojalyk möwsüminde “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň yzy tirkegli, pürküjili, azally we beýleki kömekçi tehnikaly traktorlarynyň bir ýarym müňden gowragy işleýär. Ýurduň “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni we Oba hojalyk ministrligi gerek bolan dökünler we ýuwuş suwy bilen üpjün edýärler.
Meýdan işleri, haçan-da sebitlerde gowaçany ekmek boýunça meýilnamalaşdyrylanda, ekiş meýdanlary kesgitlenende we geljekki hasylyň möçberi kesgitlenende, täze 2015-nji ýylyň başynda badalga aldy. Şunlukda ýurtda gowaça ekmek üçin 545 müň gektar meýdan bölünip berildi. Şol sanda Ahal welaýatyna 120 müň, Mary welaýatyna 165, Lebap welaýatyna 120, Daşoguz welaýatyna 140 müň gektar ýer bölünip berildi. Ekerançylar bu ýerlerden 1 million 50 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.
Geljekki hasyl üçin gowaçanyň 15 görnüşi ekiler. Ekiş işleri ýurduň sebitleriniň howa-toprak şertlerine laýyklykda geçiriler. Olaryň hatarynda “14F”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar” ýaly orta süýümli görnüşleri bar. Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten” görnüşi Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.
Mundan hem başga, öňde duran ekiş möwsüminde synag meýdanlarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň pagtaçylyk baradaky YBI alymlary tarapyndan taýýarlanan “Ýolöten-45” we “Ýolöten-46” ýaly gowaçanyň täze görnüşli orta süýümli görnüşleri synag hökmünde ekiler.
Gowaça tohumlarynyň hil görkezijileri Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Tohumçylyk we sort-synag gullugynyň barlaghanalarynyň 13-inde hünärmenleriň berk gözegçiliginde kesgitlenýär. Ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalaryny – gowaça ekiji, kultiwatorlar, traktorlar we beýleki çäreleri geçirýän tehnikalary taýýarlamak işleri dowam edýär. Bu geçirilýän işler bolsa 2015-nji ýylyň gowaça ekiş möwsüminiň üstünlikli geçirilmegine itergi berer.