Ýurduň bugdaý ekilen 860 müň gektar meýdanynda ekine ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Suwaryş, dökünler bilen iýmitlendirmek, topragy hapa-haşal otlardan arassalamak we zyýan beriji mör-möjeklerden goramak işleri alnyp barylýar.
Bu işlere “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň mehanizatorlary işjeň gatnaşýarlar. Ekin meýdanlarynda yzy tirkegli, pürküji we beýleki kömekçi enjamlar dakylan traktorlaryň bir ýarym müňden gowragy hereket edýär. Häzirki wagtda Lebap we Mary welaýatlarynda meýdan işleriniň ilkinji tapgyry bolan suwaryş we mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri doly tamamlandy.
Umuman ýurt boýunça, gallaçylaryň baha bermeklerine görä, bugdaýdan gowy hilli gögeriş we ösüş alyndy. Eýýäm ýaz paslynyň ortalarynda, sümmüliň ýetişişine görä, hünärmenler 2015-nji ýylyň hasylynyň fiziki möçberine baha berip bilerler. Türkmen gallaçylary şu ýyl 1 million 600 müň tonna ak bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler.
Şu ýyl bugdaýyň has köp hasyl berýän görnüşi bolan “Wass” 201 müň gektar meýdana, umumy ekilen meýdanyň dörtden bir bölegine golaýy, ekildi. Stawropol seleksiýasynyň bugdaýynyň bu ýumşak görnüşi ýokary hasyllylygyny üýtgetmän Türkmenistanda üçünji ýyl ekilýär. 2014-nji ýylyň oragynyň jemleri boýunça ýurt boýunça bugdaýyň bu görnüşi her gektardan 40 sentnerden gowrak hasyl berdi.
Şeýlelik bilen, geçen güýzde bugdaý ekişiniň dowamynda, sort çalyşmagyň çäklerinde, “Wassa”tohumynyň ýerine stawropol tohumy bolan “Batko” geldi. Bu maksat üçin Russiýadan saýlama tohumlar öňünden satyn alyndy. Bugdaýyň “Batko” tohumy 80 müň gektar meýdana ekilýär.
Bugdaýyň stawropol tohumy bolan “Nota” we “Irişka” görnüşleri hem ýerli howa-toprak şertlerine oňat uýgunlaşdy. Bu tohumlar “Wassa” tohumy bilen bilelikde getirildi hem-de öňki tohumlar bilen bäsdeşlige eýe boldy. Ýurt boýunça bugdaýyň “Nota” görnüşi 191 müň gektardan gowrak meýdana, “Irişka” bolsa 122 müň gektarda gowrak ýere ekilýär.
Umuman ýurt boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurt seleksiýasynyň bugdaýynyň ýumşak we gaty götnüşleriniň 15 görnüşi ekilýär. Biziň howa-toprak şertlerimize uýgunlaşan bugdaýlaryň iň gowy görnüşlerini önümçilige ornaşdyrýan ýurduň seleksionerleri we tohumçylyk hojalyklary ýokary hasyl almaga uly goşant goşýarlar. Her ýylda hasyllylyk, gögerijilik, kesele garşy durnukly boýunça täze tohumlar synagdan geçirilýär. Olar Türkmenistanda we ýurduň daşynda ösdürilip ýetişdirilýär hem-de önümçilige ornaşdyrmaga teklip edilýär. Şonuň bilen birlikde, öňki tohumlaryň hilini ýitirmezlik maksady bilen olar yzygiderli gözegçilikde saklanylýar we testleşdirilýär. Tohumçylyk hojalyklaryna bugdaý ekmek üçin 100 müň gektary ýa-da umumy ekilýän meýdanyň 12% bölünip berildi.
Tohumlyk bugdaýy ösdürip ýetişdirýänlere aňrybaş ýeňilliler döredilýär. Şeýlelikde, azyklyk we tohumlyk bugdaý üçin edilýän çykdajynyň, tehniki hyzmatlary, tohum, mineral dökünleri, ösüş suwyny goşmak bilen, 50 göterimi ýurtda döwletiň hasabyna maliýeleşdirilýär. Tohumçylyk hojalyklary üçin mineral dökünleri ýene-de 25% köp berilýär. Tohumlyk bugdaý önümçiligini maliýeleşdirmek babatda ýokary hilli tohumy tabşyrandygy üçin goşmaça 40 göterim tölemek göz öňünde tutulandyr.
Pudagy özgertmekde, şol sanda tohumçylyk işleriniň täze derejelere galdyrylmagy Türkmenistana, ýurduň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen, azyklyk bugdaýy eksport edýän döwletleriň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşigi artykmaç gallany dört ýyl bäri eksport edýär. Onuň ilkinji tapgyry daşary ýurt sarp edijilerine 2011-nji ýylda iberildi.