Daşoguzda jemagat hojalygy birleşigiň bazasynda energoaudit meselelerine bagyşlanan bäş günlik seminar okuw maslahaty geçirildi.
Seminar okuw maslahaty “Türkmengaz” Döwlet Konserniniň we Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň goldamagynda BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň Ähliumumy ekologiýa gaznasy “Türkmenistanyň ýaşaýyş jaýlary gurmak ulgamynda energetika netijeliligi gowulandyrmak” boýunça taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi.
Seminara Daşoguz welaýatynyň dürli düzümlerinden hünärmenler, şol sanda jemagat hojalygynyň kärhanalary,ýaşaýyş jaýlar hojalygynyň “Daşoguzşäherýylylyk” trestiniň we “Daşoguzgazüpjünçilik”müdirliginiň, energogözegçilik we başga kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Türkmenistan boýunça gurluşyk kadalarynyň käbirisiniň täzeden seredenden soň BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň Ähliumumy ekologiýa gaznasy “Türkmenistanyň ýaşaýyş jaýlary gurmak ulgamynda energetiki netijeliligi gowulandyrmak” boýunça taslamasynyň ýardamy netijesinde binalaryň energetiki netijeliligine bolan talaplar ýokarlanar. Binanyň gurluşygyň taslamasy işlenip taýýarlananda, gurlup bolandan soň we ulanylyşa tabşyrlandan soň energetiki auditiň geçirilendigini tassyklaýan esasy şert “Binanyň energetiki pasporty”resminamany doldurmaklyk hökman bolar.
Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar ýaşaýyş binalaryň energetiki netijeliliginiň ýokarlanyşyny kesgitleýän birnäçe çarçuwaly maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Seminarda inžener enjamlaryň energetiki netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça kadalar, düzgünnamalar we ölçegler barada , binalaryň energetiki netijeliligini ýokarlandyrmakda häzirki zaman ugurlar we tejribeler boýunça, şeýle-de BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň Ähliumumy ekologiýa gaznasy “Türkmenistanyň ýaşaýyş jaýlary gurmak ulgamynda energetiki netijeliligi gowulandyrmak” boýunça taslamasynyň işläp taýýarlan energoauditi geçirmekligiň usullary barada maglumatlar hödürlendi.
Şunuň ýaly seminar okuw maslahatlary ýerli energetika edaralaryň we jemagat hojalygynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçiriler.