Ï «Baskin Robbins» - Aşgabatda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Baskin Robbins» - Aşgabatda

view-icon 730
Dünýäde meşhur we iri «Baskin Robbins» doňdurma kafeler Türkmenistanda öz işine başlady. «Baskin Robbins» doňdurma kafesi Aşgabatda Berkarar söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda açyldy. Bu ýerde doňdurmanyň 36 görnüşini dadyp bolar. Kafeniň işgärleriniň ählisi hünärmenlik taýýarlygyny geçdiler.

Ýakyn günlerde türkmen paýtagtyna bu kompaniýanyň hünärmenleri gelip öz firma desertlerini taýýarlamaklyk üçin görkezme okuw sapagyny geçerler. 25-nji ýanwarda bolsa bu ýerde doňdurmadan taýýarlanylýan desertleriň görkezilişi we tanyşdyrylyşy geçiriler.


Aşgabatdaky «Baskin Robbins» kafesiniň ýolbaşçysy Žanna Çaryýewanyň belleýşi ýaly türkmen paýtagtyna doňdurmalar kompaniýanyň Moskwa şäherinde ýerleşýän fabriginden getirilýär. Bu fabrikde önümiň 140 görnüşi öndürilip, Ýewropada öz hyzmatlaryny hödürleýän iri kärhanadyr. Ýeri gelende aýtsak bu belli haryt brendiniň taryhynda 2000 resept döredildi. «Baskin Robbins» dünýäniň 54 ýurdunda 6700den gowrak doňdurma kafelery bolup, ýylda 300 million müşderä hyzmat edýärler.