>“Türkmenpagta” Döwlet konserniniň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 36-ynda geçen ýylyň dekabr aýynda ýygymy tamamlanan pagta çig malyny gaýtadan işlemek dowam edýär. Ýurtda taýýarlanan 1 million 50 müň tonna hasylyň häzirki wagtda 842 müň 541 tonnasy gaýtadan işlenildi. Bu bolsa umumy möçberiň 85% töweregini düzýär.
Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalarda gaýtadan işlenen çig maldan 246 müň 823 tonna süýüm alyndy. Şeýle hem lint (22 tonna töweregi) we ulýuk (6 müň tonnadan gowrak) öndürildi.
Pagtany gaýtadan işlemekde tohumlyk material möhüm önüm bolup durýar. Eýýäm onuň 464 müň 898 tonnasy taýýarlandy. Ýene-de gaýtadan işlemegiň mundan beýläkki tapgyryny we hil barlagyndan geçirilmeli alynan tohumyň bir bölegi öňde duran ekiş möwsüminde meýdana ekiler. Şu ýylyň aprel aýynyň başynda badalga aljak gowaça ekişini 65 müň tonnadan gowrak tohum bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Onuň häzirki wagtda eýýäm 50% taýýar edildi.
Ýurduň oba hojalyk önümçiliginiň ýokary talaplaryna laýyk gelýän saýlama gowaça tohumlary gowy gögerijiligi, ir ýetişýändigi, ýokary hilliligi we köp süýümliligi, ýokary hasyllylygy, gurak howa şertlerine we kesellere garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Däp bolşy ýaly, gowaça tohumynyň hili Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Tohumçylyk we sort-synag döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň 13-niň hünärmenleri tarapyndan kesgitlenýär.
Öňde duran gowaça ekiş möwsümine gowaça tohumlarynyň 13-niň tohumy taýýarlanýar. Welaýatlaryň dördüsiniň ekin meýdanlaryna gowaçanyň “149F”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120” we beýleki orta süýümli görnüşleriniň 12-ni ekmek meýilleşdirildi. Gowaçanyň “Ýolöten-14” görnüşi ýurduň Ahal we Mary welaýatlarynyň ekin meýdanlaryna ekiler. Mundan hem başga, ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy barlag institutynyň alymlary tarapyndan ýetişdirilen gowaçanyň täze orta süýümli görnüşleri bolan “Ýolöten-45” we “Ýolöten-46” görnüşleri synag hökmünde synag meýdanlaryna ekiler.
2014-nji ýylyň hasylyny gaýtadan işlemegi şu ýylyň aprel aýynyň ahyryna doly tamamlamak bellenildi. Türkmen ekerançylary bu möhletde täze ekiş möwsümini tamamlamagy maksat edinýärler. Häzirlikçe bolsa ýurduň gowaça ekiljek 545 müň gektar meýdanyny ekişe taýýarlamak işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlaryň ähli ýerinde ýuwuş suwyny tutmak, sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar, toprak dökün bilen gurplandyrylýar, aýry-aýry ekin meýdanlarynda keş çekmek işleri amala aşyrylýar.
Şu ýyl ýurdumyzyň “ak altyn” ussatlary, 2014-nji ýyldaky ýaly, 1 million 50 müň tonna pagta ýygnamagy maksat edinýärler.