Ï Düýedarçylyk – düşewüntli we geljegi uly pudakdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Düýedarçylyk – düşewüntli we geljegi uly pudakdyr

view-icon 1728
Düýeleri ösdürip ýetişdirmek – türkmen maldarlarynyň öňden gelýän däp-dessurydyr. Häzirki wagtda bu pudak bejeriji häsiýetli azyk önümleriniň möhüm çeşmesi bolup durýar. Şeýle hem düýäniň ýüňünden taýýarlanan ýorgandyr düşekler özüniň bejerijilik we ýylylyk häsiýeti bilen tapawutlanýar.

2015-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň ähli hojalyklarynda düýeleriň baş sanynyň 125,5 müň sanysy saklanaýar. Olaryň köp bölegi bolsa Ahal we Balkan welaýatlarynda saklanýar. Bu welaýatlaryň her birinde 42 müňden gowrak düýe maly saklanýar. Bu mallar “Sakarçäge” (Mary welaýaty), “Türkmenistan” (Balkan welaýaty), “Garagum” (Ahal welaýaty) tohumçylyk hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýär.


Düýedarçylykda tohumçylyk işiniň esasy ugry tohumyň we önümiň hilini mundan beýläk hem kämilleşdirmek, aýry-aýry ugurlary, maşgalalary we içki tohumçylyk görnüşlerini kämilleşdirmek bolup durýar. Bu işe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň hünärmenleri tohumçylyk hojalyklarynyň weterinarlary we zootehnikleri bilen bilelikde uly goşant goşýarlar. Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy-amaly gözlegleriň netijesinde “Sakarçäge” tohumçylyk hojalygynda düýäniň ýokary önüm berýän türkmen arwana tohumly görnüşi döredildi. Bu tohum bir sagymda ýaglylygy 3,8 göterim bolan 2500 kg düýe süýdüni bermäge ukyplydyr.


Düýäniň süýdi örän peýdaly bolup, onuň südi sygyryň süýdi bilen deňeşdirilende С we D witaminlerine üç esse baýdyr. Şunlukda biziň bedenimizde süýt önümleriniň özleşdirilmegine zyýan berýän laktozalar (süýt sýüjüligi) we kazeinler örän az bolýar. Bu gymmat bahaly önümiň önümçiliginiň hem içerki, hem daşarky bazarlarda geljegi örän ulydyr.

Düýäniň süýt önümleriniň döwlet söwda we beýleki edaralarynyň üsti arkaly ýerlemegi düzgünleşdirmek maksady bilen düýe çalyna, agaranyna, gaýmagyna we doýran içgisine döwlet standartlary işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.