Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenabat “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň gämi abatlaýyş-gurlyk bölüminde düýpli abatlaýyş işleri tamalanandan soňra gury ýük daşaýan baržalaryň ikisi suwa göýberildi.
500 tonna gur ýük daşaýan gämileriň biri “Altkom” ýol gurluşyk jemgyýetiniň Türkmenistandaky filialynyň buýurmasy boýunça täzeden enjamlaşdyryldy. Mälim bolşy ýaly, ukrainanyň bu telekeçilik gurluşy Türkmenabat-Farap aralygyna awtoulag we demir ýollaryny gurýar. Bu gurluşygyň häzirki tapgyrynda oňa gönüden-göni derýada işlemek üçin iri göwrümli gämi gerek bolup durýar. Tehniki tabşyrygynda bellenilşi ýaly, onda buraw enjamy oturdylar.
Şeýle hem köpri gurujular gury ýük daşaýan gäminiň palubasyndan läbikli adajyklarda şpunt aýmançalaryny gurarlar. Olar suwdaky bu nokatlarda derýadan geçýän köprüleriň ikisinde hem hana direglerini gurarlar. Munuň üçin gämide ýag bekedi, wibroýükleýji, zynjyrly ýük göteriji we umumy agramy 140 tonna çemesi bolan şpunt panelleriň doly düzümi ýerleşer.
Beýleki 200 tonnalyk barža “Buýan” oba senagat toplumyna degişlidir. Onda Lebabyň bu etraplarynda ýygylan buýan kökleri gaýtadan işlemek üçin Türkmenabada daşalar.