Ï Bol hasyl almak ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bol hasyl almak ugrunda

view-icon 800
Şu ýyl Murgap sebitiniň gowaça ekiljek meýdany 165 müň gektar meýdany eýelär. Däp bolşy ýaly, gowaça tohumynyň ekişi aprel aýynyň başynda badalga alýar. Mary welaýatynda bu jogapkärli möwsüme taýýarlyk işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Mary welaýat “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginde traktorlaryň, sürüm enjamlarynyň, seýalkalaryň we beýleki tehniki serişdeleriň öz wagtynda taýýarlamak üçin çäreler kesgitlendi. Murgap sebitiniň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ählisinde sürüm işleriniň güýçli depgini üpjün edilýär. Bu işler dürli kysymly sürüm traktorlarynyň 304 sanysyndan gowragyny, şol sanda amerikada öndürilen traktorlaryň 100-ni, GLAAS kompaniýasynyň traktorlarynyň 116-ny we Belarus-1221 kysymly traktorlaryň -88-ni özünde jemleýän parkyň kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagy netijesinde mümkin boldy.

Etraplaryň ählisinde sürülen ýerleri tekizlemek işleri tamamlanyp barýar. Onuň yzyndan bolasa kesgitlenen arakesmeden soňra keş çekmek işleri başlanýar. Toplumlaýyn taýýarlygyň dowamynda topraga organiki dökünler berilýär, agrotehniki suwaryş işleri geçirilýär. Häzirki we öňde duran meýdan işleriniň göwnejaý geçirilmegi 2015-nji ýylyň bol hasylynyň girewidir. Geçen ýyl Murgap sebtinde gowaçanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Ekerançylar öz boýun alan borçnamalaryny artykmajy bilen ýerine ýetirmegi başardylar.

Wagt geçer, her bir geçen gün bolsa ekiş möwsümine barha ýakynlaşdyrýar. Bu bolsa öz nobatynda, wagtyň geçmegi bilen gögerip çykan gowaça gämiklerine hyzmat etmek üçin täze aladalary – ideg etmek we ösdürip ýetişdirmek aladasyny öňde goýar. Bu möhüm möwsüme bolsa mehanizatorlar hem düýpli taýýarlyk görýärler – traktorlar, sürüm, mala çekýän traktorlar, gowaça seýalkalary we kultiwatorlar ýeterlik derejede taýýarlyk hatarynda goýuldy.