Daşoguzda badalga alan ýaşaýyş jaýlarynyň energoauditi boýunýa treningler tapgyry Maryda dowam etdirildi. Maslahatlar BMGÖM/GEG (BMG-niň ösüş maksatnamasy we Global ekologiki gaznasy) “Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gurluşyk böleginde energiýa netijeliligi gowulandyrmak” taslamasynyň çäklerinde “Türkmengaz” Döwlet konserni we Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň goldamaklarynda guraldy.
Energiýa tygşytlylyk – biziň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Taslamanyň menejeri Irina Atamyradowanyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Ýewropanyň, ABŞ-nyň we GDA ýurlarynyň köpüsinde binanyň energetiki pasportyny – binanyň ýylylyk goraglygy boýunça taslama maglumatlaryny hem-de onuň energiýa sarp edişi baradaky maglumatlary özünde jemleýän we desganyň energonetijeliliginiň hereket edýän kadalara laýyk gelýänini tassyklaýan resminamany almak üçin hökmany bolup durýar. Pasportlaşdyrmagyň hökmanylygy aýratyn wajyp nukdaýnazaryndan, ilkinji nobatda Türkmenistanyň “Gurluşyk ýylylyk tehnikasy” kadalaryna gaýtadan seretmek babatda garalýar. Energoauditiň netijeleri boýunça binanyň energetiki netijeliligine kesgitlenen derejäni bermek bilen, indiki sertifisirlemek işleri geçiriler.
Şular ýaly özgertmelere türkmen hünärmenleriniň taýýarlykly bolmaklary üçin BMGÖM taslama işläp taýýarlady we biziň ýurdumyzyň ähli sebitleriniň pudaklarynyň wekilleri bilen binalaryň energoauditi boýunça praktiki okuw sapaklaryny geçirýär. Okuw maslahatynyň dowamynda milli bilermenler energoauditiň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmeler bilen tanyşdyrdy.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Mary şäheriniň nusgalyk jaýlaryna baryp gördüler. Şeýle hem bilermenleriň ýolbaşçylygynda jaýlarda we olaryň daşynda howanyň gyzgynlygyny ölçemek, teplowizion surata düşürmek işlerini geçirdiler. Gün radiasiýasy baradaky maglumatlar uly ähmiýete eýedir. Olar haçan-da energoauditiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmak barada gürrüň gidende zerurdyr. Energiýa gözlegleriň netijeleri boýunça binalaryň energonetijeliligini ýokarlandyrmak boýunça, meselem, ýagtylygy gaýtarýan aýratynlygyna eýe bolan pes emissionly aýnaly aýna paketi enjamy hökmünde çäreler toplumy kesgitlendi. Kärdeş hünärmenler energotygşytlylygyň mümkinçiliklerine, şeýle hem teklip edilen şertlerde ykdysady netijelilige baha berdiler.
Şular ýaly okuw sapaklary dowam etdirilýär. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi lagym hojalygynyň we ýerli energetika kompaniýalarynyň hünärmenleriniň duşuşygynyň nobatdaky ýeri bolar.