Şu gün Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynyň adybir adasynda ýerleşýän Gyzylsuw şäherçesinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň gurluşyk kärhanasy – “Hazar Kenary” hojalyk birleşigi tarapyndan gurlan täze ýolagçy deňiz menziliniň açylyş dabarasy boldy.
Bu menzil innowasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen häzirki zaman gurluşyk serişdelerinden bina edildi. Ýolagçy gämisiniň labyryny taşlamagy üçin kompozit örtüklerini peýdalanmak arkaly suwuň içinde 51 metrlik ýokary berkligi bolan metal sütünler oturdyldy.
Täze desga “Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyny” yzygiderli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Bu gatnaw ugrunda ýokary tizlikli “Çarlak” ýolagçy gämisiniň hereket etjekdigini aýratyn bellemelidiris, sebäbi ol türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmenbaşynyň deňiz portunyň çäginde ýygnalan ilkinji gämidir. 320 ýolagçyny gatnatmaga ukyply “Çarlak” gämisi häzirki wagtda Türkmenbaşy-Gyzylsuw adasy we Türkmenbaşy-Hazar aralygynda hereket edýär. Şeýle hem gämi "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň kenary boýunça deňiz gezelençlerini gurmak üçin syýahatçylyk maksatlarynda peýdalanylýar.
Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, pudaklaýyn gulluklaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň mähriban Watanymyzyň gazanýan belent sepgitlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Dabarada çyykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe deňiz we derýa ulaglarynyň okgunly ösdürilýändigini, halk hojalyk ýükleriniň daşalmagynyň möçberleriniň hem-de gatnadylýan ýolagçylaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, portlaryň hem-de port düzümleriniň, deňiz gämiçiliginiň ösdürilmegi boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, ýygnananlar ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny okgunly ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.