Ï Hasyl üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hasyl üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýalar

view-icon 1063
Daşoguz welaýatynda Sadulla Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde suw tygşytlaýjy we suwarmagyň netijeli tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrylýar.

Şeýlelikde, gowaça ekişinde suwaryşyň damjalaýyn tehnologiýasy özleşdirildi. Suwaryşyň damjalaýyn usuly suwuň we mineral dökünleriniň berilşiniň iň amatly kadasyny, suwy tygşytly peýdalanmagy üpjün etdi. Türkiýede öndürilen suwaryş ulgamy ýüzden gowarak meýdanda gurnaldy, bu meýdanlardan geçen ýylda ýokary hasyl alyndy. Meselem, kärendeçi Gülbahar Nurmedowa gowaçanyň her gektaryndan 59 sentnerden gowrak hasyl aldy. Kasym Kadyrow, Jumagül Adambaýewa, Nasiba Kuranbaýewa ýaly öňdebaryjy kärendeçi pagtaçylaryň we beýleki göreldeli kärendeçileriň ekin meýdanlarynda suwaryşyň damjalýyn usuly ulanylan meýdanlarynyň her gektaryndan 46-58 sentnerden “ak altyn” alyndy.

S.Rozmetow adyndaky OHPJ ygtyýaryna geçen ýyl eýranda öndürilen damjalaýyn usulda suwarylýan enjam gelip gowuşdy we ol elli gektar bugdaý ekilen meýdanlarda ulanyldy. Bu bolsa ekinleri suwarmak üçin edilýän çykdajylary ep-esli derejede tygşytlamaga şertleri döretdi. Topragyň iň oňaýly çyglylyk derejesini saklamak bilen, ekinleri mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, olary himiki serişdeler bilen işläp bejermek işleri amala aşyryldy. Şeýle hem bugdaý ekilen üç ýüz gektar meýdanda ulanmak üçin ýokary tehnologiýaly göçme suwaryş enjamlarynyň altysy satyn alyndy.

Oba hojalyk ekinleriň hasylynyň möçberini we hilini ýokarlandyrýan innowasion tehnologiýalarynyň iş ýüzünde ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Şu ýyl S.Rozmetow adyndaky OHPJ ekinleri suwarmagyň iň amatly kadasyny üpjün etmek üçin amerikada öndürilýän halkalaýyn ýagyş görnüşinde suwarýan enjamyny satynalmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň mart aýynda “Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” Kararynyň kabul edilmegi bilen, oba hojalyk ekinlerini öndürijiler iň täze suwaryş we beýleki enjamlary satyn almak üçin ýeňilleşdirilen bank karz pul serişdelerini almaga giň mümkinçiliklere eýe boldular.