Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 747
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen ýangyç mazudyny we M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewürler tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna polipropilen haltasyny, pagta ýagyny, nah ýüplügi, pagta süýümini, dowarlaryň derisini satyn aldylar. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Täjigistan, Owganystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 28 million 500 müň dollaryna barabar boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri (TNGIZT–da öndürilen) umumy bahasy 66 müň manatdan gowrak bolan polimer külkesini satyn aldylar.