“Garagumderýagurluşyk” ÖB Marydaky abatlaýyş-mehaniki kärhanasyny döwrebaplaşdyrmagyň birinji tapgyry tamamlanyp barýar. Bu işleri eýýäm Aşgabatda, Türkmenabatda demirbeton önümleri kärhanalarynyň durkuny täzelemek boýunça tejribesi bolan “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar.
Biz durky täzelenen abatlaýyş we mehaniki sehleri bilen tanyş bolduk. Abatlaýyş sehi, şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, täzeden gurlupdyr. Täze seh köp ugurly ähmiýete eýe bolar. Bu ýerde traktorlary we agyr tehnikany abatlamak göz öňünde tutulandyr, şeýle hem işleriň başga görnüşleri hem ýerine ýetiriler.
Üçegi saklaýan beýikligi ýigrimi metr bolan sütünli sehiň içi ýagty hem-de giň. Her bir iki aralykda ýük göterijiligi 15 we 10 tonna bolan köpri ýük göterijileri gurnalypdyr. Sehde ýokary öndürijilikli zähmet üçin aňrybaş şertler döredilipdir. Onuň perimetri boýunça bu ýerde kömekçi jaýlar, egin-eşik çalşyrylýan, üstüňden suw akydylýan jaýlar ýerleşer.
Mehaniki seh öňki gurluş şekilini saklap, häzirki zaman gurluşyk we bezeg materiallarynyň, üçeginiň doly täzelenmeginiň hasabyna düýpgöter täze keşbe eýe boldy. Şeýle hem bu ýerde işçiler we dolandyryş-önümçilik işgärleri üçin gerek bolan şertleriň ählisi döredilendir.
Bu desga üçin eýýäm ýokary öndürijilikli stanok enjamlary – keseligine we radial görnüşde burawlaýan stanoklar, şeýle hem slowakiýada öndürilen sanly programmaly tokar stanoklary getirildi. Kärhanada abatlaýyş işlerini geçirmek täze enjamlarda işlemek üçin işgärleri okatmak işleri bilen utgaşdyrylyp alnyp baryldy.
Bu kärhananyň durky täzelenýän döwründe hem esasy önümçiligi togtatmazdan işländigini belläp geçmelidiris. Geçen ýylda harytlyk önümleriniň 3700 müň manatlygy öndürildi. Bu bolsa göz öňünde tutulan ýyllyk tabşyrygyndan 11 göterim köpdür. Şu ýylyň ýanwar aýynda hem tabşyryklar 10 göterim artyk ýerine ýetirildi. Bu kärhanada öndürilýän önümler esasan hem Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň zerurlyklary üçin iberilýär. Bu – demir konstruksiýalaryndan we standart däl enjamlardan, elektrik geçirijileriň liniýalary üçin trawerslerden, gidrotehniki gurluşlar üçin tigirli zatworlardan, zemsnarýadlaryň korpuslaryny abatlamakdan, ýer tekizleýjileriň we ýer gazyjylaryň hereket edýän bölekleri we zynjyrlarynyň düşeklerinden hem-de beýlekilerinden ybaratdyr.
Kärhananyň durkuny täzelemegiň indiki tapgyry demir konstruksiýalary sehini, wagranka sehini we beýleki senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak bolar. Kärhanany döwrebaplaşdyrmagyň dördinji tapgyryny tamamlanmagy önümçiligiň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga we kuwwatlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýokary öndürijilikli stanok parky, mehanizimler, häzirki zaman tehniki enjamlar we türkiýäniň we ýewropanyň önüm öndürijileriniň önümleri bilen enjamlaşdyrylmagy, şeýle hem inžener-tehniki işgärleriniň ýokary derejeli hünärleri Marynyň abatlaýyş kärhanasyny ýurduň suw hojalyk pudagynyň has kuwwatly önümçilik binýadyna öwürer.