Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda sarp edijilere – oba adamlarynyň öýlerine, kärhanalara we guramalara elektrik energiýasynyň durnukly barmagyny üpjün etmek maksady bilen, elektrik geçirijileriň täzesini gurmak we öňki hereket edýän elektrik geçirijileriň, transformator podstansiýalar toplumynyň, bölüji ulgamlaryň durkuny täzelemek işleri dowam etdirilýär.
Inženerçilik çözgütleri we işläp taýýarlamalary geljekde bu toruň her bir böleginiň takyk we üznüksiz işlemegine gönükdirilendir. Şunlukda etrabyň çalt depginlerde ösmegini nazarda tutup, täze energiýa ulgamyna ilkibaşda goşmaça ätiýaçlyk kuwwatlyklar goýulýar. Bu işlere ýerli hususy kärhanalarynyň işjeň gatnaşmaklary aýratyn bellenmeli ýagdaýdyr.
Şeýlelikde “Emir ogly” hususy kärhanasy Ýarygökje obasynda elektrik liniýasynyň 9 müň 120 metrini gurdy, gerek bolan transformatorlary oturtdy. Bu bolsa oba adamlarynyň energiýa üpjünçiliginiň hilini we ygtybarlylygyny ep-esli derejede ýokarlandyrdy.
“Ýaran” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri hem giň göwrümli işleri alyp barýarlar. Hususan-da olar Täze ýol obasynda 22 müň 149 metr elektrik linýasyny, Akwekil obasynda – 14 müň 896 metr we Garawekil obasynda 14 müň 294 metr elektrik geçirijilerini çekdiler, olary gerek bolan enjamlar bilen üpjün etdiler hem-de ýakyn wagtlarda ulanmaga bermegi meýilleşdirýärler. Bu bolsa diňe bir bar bolan elektrik liniýalarynyň kuwwatlylygyny artdyrman, eýsem etrabyň ösüp barýan obalarynyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy üçin goşmaça kepili döreder.
“Ýaran” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri häzirki wagtda etrap merkezinde – Babadaýhan şäherçesinde elektrik torunyň durkuny täzelemek işlerini alyp barýarlar. Olaryň öňünde 89 müň 650 metr elektrik liniýasyny çalyşmak, täze transformatorlar bilen üpjün etmek, gerek bolan enjamlary oturtmak wezipesi durýar.
“Arwana iner” hususy kärhanasynyň hünärmenleri Ak altyn obasynda 9 müň 880 metr elektrik liniýasyny çekdiler.
“Bagajaymarat” hususy kärhanasynyň işgärleri golaý wagtda Hasyl obasynda 39 müň 615 metr elektrik liniýasyny gurmaga girişmegi meýilleşdirýärler. “Ruhsara” hojalyk jemgyýeti bolsa Zähmet obasynda şu ýyl 17 müň 140 metr elektrik liniýasyny çekmegi meýilleşdirýär.