Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, gyzdyrylan nebit koksyny, Russiýadan we Owganystandan gelen işewürler “B” kysymly karbamidi we tehniki hlorly magnini (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, arassalanan pagta ýagyny, boýalan tüýjümek matany, nah ýüplügi, dowarlaryň derisini, garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňüni, pagta süýümini, çig ýagly kislotalary, pagta galyndysyny Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, BAE-dan, Türkiýeden, Owganystandan, Maltadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan bolan telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 284 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 737 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we polimer külkesini (TNGIZT) satyn aldylar.