Ï Täze taslamanyň çäklerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze taslamanyň çäklerinde

view-icon 839
Aşgabat şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky 14-nji tapgyryny amala aşyrmagyň depginleri barha ýaýbaňlanýar. Täze desgalaryň guruljak ýerleri boşadylýar, planlaşdyrmak we ýer işleri, geologiýa we geodeziki gözleg işleri ýaýbaňlandyryldy. Bu taslamany amala aşyrmak döwlet baştutanynyň kararyna laýyklykda şu ýylyň ýanwar aýynda badalga aldy. Häzirki zaman binalarynyň we desgalarynyň gurluşygy Aşgabadyň günorta böleginde Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň hem-de Oguzhan we 1971-nji (G.Ezizow) köçeleriniň arasynda ýerleşýär.

Aslyýetinde, täze ýaşaýyş jaý toplumy gurluşygyň 13-nji tapgyry bilen ýanaşyk ýerde gurulýar. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlaryndan başga hem iri dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň birnäçesi gurulýar. Muny nazara almak bilen, 14-nji tapgyryň 23 desgasyndan ybarat bolan toplumyň ählisi täze ýaşaýyş jaý gurluşyklary bolar.

Hususan-da, bu çäklerde ýokary amatlyklary bolan we birinji gatynda senagat we azyk harytlary satylýan dükanly12 gatly 44-46 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 22-si gurular. Şeýle hem bu gurluşygyň çäklerinde 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy göz öňünde tutulandyr.

Täze häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryň buýuryjylary bolup ýurduň aýry-aýry ministrlikleri we edaralary çykyş edýärler. Ýene-de şeýle jaýlaryň 10-sy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda gurular. Häzirki wagtda bu birleşmäniň agzalaryna-kompaniýalara şäher gurluşygynyň nobatdaky 14-nji tapgyrynda möhüm wezipeleri amala aşyrmak ynanyldy. Mälim bolşy ýaly, bu günki gün ýurtda giňden ýaýbaňlandyrylan iri göwrümli gurluşyk işlerine işeňňir gatnaşýan ýurduň telekeçileriniň güýji bilen gurluşygyň 13-nji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşyk işleri amala aşyrylýar.

Umuman, Aşgabat şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky 14-nji tapgyrynyň taslamasyny amala aşyrmaga ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň onlarçasy gatnaşýar. Bu gurluşyk işlerine daşary ýurt kompaniýalarynyň biri gatnaşýar. Binanyň taslama we olaryň bezeg işleri TSTB agzalary ýurduň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Şeýle hem taslamalaryň awtorlary tarapyndan binalara ýakyn ýerleşýän meýdanlary abadanlaşdyrmagyň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Olarda çagalar oýnar ýaly meýdançalar, sport bilen meşgullanar ýaly meýdançalar, medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirer ýaly meýdançalar, awto duralgasy gurular. Şeýle hem bu ýerde gül eker ýaly ýer, gazonlar bolar, oturgyçlar oturdylar, köçe yşyklandyryjylar oturdylar.

Ýurduň Prezidentiniň kararyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda desgalaryň gurluşyk işlerini doly tamamlap, olary doly taýýar görnüşinde ulanmaga tabşyrmak bellenildi.