Garabogaz aýlagy – dünýäniň ajaýyp suw howdanlarynyň biridir, onuň tebigy baýlyklarynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Bu ýerde senagatyň dürli görnüşlerini ösdürilmegi üçin gerek bolan Mendeleýewiň Periodiki tablisasyndaky himiki elementleriň ählisi diýen ýaly bardyr.
Bu açyk asmanyň astyndaky örän uly barlaghanadyr. Aýlagdaky bugarma hadysasy örän ýokary bolup, ol uzak wagtlap dowam edýär. Şonuň üçin hem onuň düýbünde duzuň iki görnüşiniň – suwuk ýagdaýdaky – rassol görnüşinde we gaty ýagdaýda – kristal görnüşinde – hemişelik gatlagy bolup geçýär. Olar himiýa önümleriniň köp görnüşini, esasan hem sulfat natriýiň we bişofitiň, önümçiligi üçin binýat bolup durýar. Meselem, geçen ýylda sulfat natriýanyň öndürilişi 1200 tonna, bişofitiňki bolsa – 1435 tonna boldy.
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” ÖB – ýurduň iň baýry senagat kärhanalaryň biridir. Onuň öndürýän önümleri – sulfat natriýasy we bioşifti – kagyz, aýna, nebiti gaýtadan işlemekde, energetikada, gurluşykda metallurgiýada, farmasewtikada, ýeňil, himiýa senagatynyň önümçiliginde ulanylýar. Bu önüm dünýä bazarynda hem uly islegden peýdalanýar, ýurduň eksport mümkinçiliginiň giňeldilmegi üçin strategiki häsiýete eýedir.
Şeýle gymmatly çig maly işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy örän ýönekeý bolup, ol möwsümleýin häsiýete eýedir. Bu ýerde tebigatyň özi we alternatiw energiýa çeşmesi Gün uly ähmiýete eýedir. Möwsümiň ahyrynda aýlagyň suwuny bu maksatlar üçin ýörite taýýarlanan emeli köle göýberýärler. Gyş paslynda onuň düýbünde duzuň we beýleki birleşmeleriň gatlagy emele gelýär. Tomus bolsa olar sulfat natriýasynyň we bioşiftiň önümçiligi üçin doly diýen ýaly çig mala öwrülýär.
Öndürilýän önümiň möçberini artdyrmak we görnüşlerini köpeltmek üçin aýlagyň kenarynda himiýa senagatynyň degişli gurluşyny döretmek göz öňünde tutulýar. Geçen ýylyň tomsunda bu ýerde taslama boýunça kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän zawodyň – täze toplumyň düýbi tutuldy.
Zawodyň gurluşyk işlerini türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasy we ýaponiýanyň «Mitsubishi» korporasiýasy bilelikde alyp barýarlar. Bu kompaniýalar biziň ýurdumyzyň paýtagtynda we dürli sebitlerinde senagat ähmiýetli birnäçe desgalaryň gurluşyk işlerini ýerine ýetirdiler.