Ï Kartoşkany ekmegiň wagty geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kartoşkany ekmegiň wagty geldi

view-icon 1259
Şu ýyl Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi daýhan birleşikleri we hojalyklary bilen kartoşka, gök we bakja ekinlerini ekmek barada şertnama baglaşdy. Ekin ekiljek meýdan 14440 gektar bolup, gerek bolan halatynda tohum bilen üpjün ediler. Bu çäreler Türkmenistanyň Azyk maksatnamasyna laýyklykda ýurduň sarp edijilerini gök we bakja ekinleri bilen üpjün etmek üçin guraldy.

Kartoşka esasan hem Mary we Ahal welaýatlarynda gowy ösdürilip ýetişdirilse-de, biziň ýurdumyzyň howa-toprak şertleri üçin esasy ekin däldir. Şu ýyl kartoşkany 1170 gektar suwarymly oba hojalyk meýdanlaryna ekmek meýilleşdirilýär. Her gektardan 16 tonna hasyl almak maksat edinilýär. Döwlet meýilnamasyndan artyk hem bu ekin ýene-de 1785 gektar meýdana ekiler. Kartoşkany ekmek mart aýynyň başynda başlandy we eýýäm aýyň 19-yna goşmaça ekilen meýdanlar bilen bilelikde 84,5 göterim ýerine ýetirildi.

Beýleki gök önümleri ekmek üçin 6570 gektar ýer bölip bermek meýilleşdirildi. Ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirlen şitilleri meýdana ekmek aprel aýynyň ortalaryndan aýyň ahyryna çenli başlanar. Her bir howa-toprak zolaklarynyň özüniň aýratynlyklary bar. Ol howa şertlerine, agrotehniki taýdan işläp taýýarlamaga bagly bolup durýar. Gök ekinlerden reňkli we brýussel kelemi, seldereý we salat, kabaçki we patisson ýaly ekinler ekiler.

Döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça Türkmenistan boýunça garpyz, gawun, kädi ýaly bakja ekinlerini daýhanlar 7700 gektar meýdana ekerler. Olar bu meýdandan 154 000 tonna şirin tagamly hasyl almagy maksat edinýärler. Kärendeçileriň köpüsiniň bakjalyk bilen uly höwes bilen meşgullanýandyklaryny aýtmak gerek.