Ï Ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar

view-icon 1150
Paýtagtyň Köşi köçesiniň gündogar tarapynda gurluşygyna geçen ýylyň başynda badalga berlen ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Gurluşygyň häzirki tapgyrynda eýýäm jaýlaryň 32-niň boýy ýetirildi.

Desgalarda jaýlary timarlamak we abadanlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, öýlere häzirki zaman durmuş tehnikalary, santehnika, mebeller goýulýar. Jaýlaryň öň tarapyny mermer we granit bilen örtmek işleri dowam edýär. Ýakyn ýerleşýän çäkler abadanlaşdyrmak we bag ekmek işlerine başlandy.

Ýene-de jaýlaryň bäşisiniň 1-4-nji gatlarynda demir-beton işleri alnyp barylýar. Bu ýerde jemgyýetçilik ähmiýetli desgalaryň 3-niň boýy galdyryldy. Şol sanda bezeg işleri ýaýbaňlandyrylan orta mekdebiň binasy hem gurulýar. Iki sany çagalar bagynyň gurluşygynda kerpiç örmek işleri alnyp barylýar.


Umuman, gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, bu täze ýaşaýyş jaý toplumynda durmuş we jemgyýetçilik ähmiýetli desgalaryň 42-si gurular. Olaryň hatarynda 37 sany 4 gatly 1-4 otagly häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Birnäçe jaýlaryň birinji gatynda senagat we azyk harytlary dükanlaryna beriler. Şundan ugur almak bilen, jaýlarda ýokary amatlyklary bolan öýleriň 30-sy ýa-da 40-sy ýerleşer. Şeýle hem bu ýaşaýyş jaý toplumynda 600 orunlyk mekdebiň, her biri 160 orunlyk çagalar bagynyň 4-siniň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Olaryň eýýäm ikisi geçen ýylda ulanyşa berildi.

Ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik desgalarynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň çäklerinde ulag goýulýan ýer, çagalar oýun we sport meýdançalaryny, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän meýdançanyň gurluşygy göz öňnde tutulandyr. Mundan hem başga, bu ýerde ýaprakly we pürli agaçlary ekmek üçin zolak, gül we beýleki ösümlikleri ekmek üçin ýörite ýerler dörediler.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň baş meýilnamasy şäher häkimliginiň “Aşgabattaslama” taslama institutynyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Olar bu ýerde geologiki we geodeziki işleri geçirdiler. Gurluşyk işlerini ýurduň we türk hususy kompaniýalarynyň 11-si amala aşyrýar.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy şäheriň bu böleginiň iri göwrümli gurluşyk işlerini üçünji tapgyry boldy. Ýaşaýyş jaý toplumy täze keşbe eýe boldy, bu ýerde ak mermerli gurluşygyň ajaýyp toplumy emele geldi, bu toplumdan ýaşaýyş jaýyny edinenleriň oňaýly we amatly şertlerde ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär.