Ï Häzirki zaman kommunikasiýalaryň tory giňeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Häzirki zaman kommunikasiýalaryň tory giňeýär

view-icon 840
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” elektoaragatnaşyk kärhanasy öz işini Internete girmäge ýokary tizligi üpjün edýän aragatnaşygyň simsiz ulgamyny giňeltmek boýunça alyp barýar. Hususan-da, Aşgabat şäherinde ýakynda açylan sebitde iň iri söwda meýdançaly, dynç alyş we hyzmat ediş merkezli “Berkarar” iri söwda merkezinde Wi-Fi simsiz toruny üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Aşgabatlylaryň gowy görüp dynç alýan ýeri bolan, ýakynda durky doly täzelenen, häzirki zaman keşbine we dynç alyş gurluşa eýe bolan “Aşgabat” seýilgähiniň çäklerinde hem Wi-Fi ýokary tizlikli tora girmegi üpjün edýän enjamlary gurnamak işleri alnyp barylýar.

Türkmen paýtagtynda Wi-Fi toruny döretmeklige “Türkmentel-2014” Telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýasy we telearagatnaşyk enjamlary VIII Halkara sergisiniň açylmazynyň öň ýanynda badalga berildi. Şu döwrüň içinde eýýäm “Ylham” seýilgähi, TM-СELL ykjam aragatnaşygyň torynyň operatory – “Altyn Asyr” kompaniýasynyň merkezi edarasy, paýtagtyň demir ýol we halkara abtomobil menzilleri, Aşgabadyň halkara howa menzili Wi-Fi tory bilen gurşalyp alyndy. Şular ýaly hyzmatlar dynça alyş merkezlerine we aragatnaşyk bölümleriň birnäçesine hem berilýär.

“Türkmentelekomyň” Wi-Fi torlarynda hasaba alynan müşderileriň sany müňlerçedir. Elektoaragatnaşyk kärhanasyndan habar berişleri ýaly, simsiz hyzmat edişden peýdalanýanýan sarp edijileriň sany 12 esseden hem artdy. Sanlar günsaýyn köpelýär. Bu tordan iň köp peýdalanýanlaryň ýeri bolsa paýtagtyň “Impaş” söwda merkezi bolup durýar. Bu ýerde bir günde bu tora goşulyşýanlaryň sany durnukly ýagdaýda ýüzden hem geçýär.

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalarynda we iri desgalarynda hem ýokary tizlikli Wi-Fi toruny döretmek üçin tehnologiki zynjyryny gurnamak işleri alnyp barylýar. Nobatda bolsa – şunuň ýaly ulgamy ýurduň Arçman, Mollagara, Baýramaly ýaly birnäçe meşhur şypahanalarynda döretmek wezipesi dur.

Bu ulgamda geljegi uly bolan goşmaça hyzmatlar aragatnaşygyň türkmen hemrasynyň göýberilmegi bilen açylar. Onuň netijesinde Türkmenistany dünýä bilen baglanyşdyrýan süýümli-optiki ugurlaryň geografiýasy has hem giňeler. Bu döredilýän oňaýly şertler dünýä kommunikasiýalar ulgamyna girýän kanallary giňeltmäge şertleri döreder, talap edilýän hyzmatlary, olaryň hiliniň we möçberiniň gowulandyrylmagyny üpjün edýän täze mümkinçilikler açylar.