Ï Pisse baglyklary ýetişer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pisse baglyklary ýetişer

view-icon 1158
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda umumy meýdany 100 gektar bolan pisse agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek çin ýer bölegi bölünip berildi. Bu ýerde agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreler – sürüm, ýer ýumşatmak, tekizlemek, keş çekmek, nahallaryň ekiljek ýerlerini bellik etmek, joýa çekmek işleri öz wagtynda geçirildi. Häzirki günlerde meýilleşdirilen ýaş pisse agaçlaryny ekmegiň ýaz pasly möwsümiň ilkinji tapgyry tamamlandy.

Işler Döwlet baştutanynyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde beýan eden Buýrugy esasynda alnyp barylýar. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi önümçilik bilen meşgullanar. Bu ugurda ylmy-gözleg işlerini alyp barmak ýurduň Tebigaty goramak ministrligine tabşyryldy.

Tebigy pisse agaçlary Türkmenistanyň daglyk sebitlerinde, goraghanalaryň zolaklarynda ösýär. Pisseli meýdanlarynyň has köp bölegi (90%) Mary welaýatyndaky Badhyz goraghanasynda ýerleşýär. Pisse tokaýlygy Köýtendagda, Günbatar we Gündogar Köpetdagda gabat gelýär. Selçeň pisse agaçlary Merkezi Köpetdagda gabat gelýär. Ýurtda täze oba hojalyk taslamasyna badalga berilmegi bilen, pissäniň önümçiligi senagat esasynda göýberilýär. Pisse azyk senagatynda köp peýdaly aýratynlyklara, ýokary azyklyk gymmatyna eýedir.

Pisse agaçlaryny ekmek möwsümini geçirmek üçin Tebigaty goramak ministrligine degişli bolan hojalyklaryň birnäçesinden getirilen dürli sortly bir ýyllyk nahallarynyň,umuman, 47 müňden gowragy taýýarlanyldy. Şeýle hem onyň uly bolmadyk möçberi Eýrandan we Türkiýeden getirildi. Geljekde, pisse agaçlarynyň görnüşleri ýerli howa-toprak şertlerine uýgunlaşyşyna baglylykda, ýerli sortlar bilen çaknyşdyrmagyň netijesi boýunça olaryň köpçülikleýin ekilmegi kesgitlener. Şu ýylyň geçen günlerinde ekilen pisse nahallarynyň ýerli sortlardandygyny bellemelidiris.

Türkmenistanyň toprak-howa şertleri bu baglary ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Pisseler biziň howa şertlerimize mahsus bolan howanyň birden üýtgäp durmagyny gowy geçirýär, az ýagynly howa uýgunlaşandyr, kesellere we zyýan beriji mör-möjeklere garşy durnuklylylyga, ýönekeýje idege uýgunlaşandyr.

Döwlet birleşiginiň hünärmenleri ekilen ýaş pisse nahallaryna agrotehniki çäreleriň nobatdaky tapgyryny alyp barýarlar. Olary suwarmak üçin suw tygşytlaýjy suwaryşyň damjalaýyn usuly ulanylar. Pisse baglaryny senagat taýdan ösdürilip ýetişdirilmegi, ýurduň oba hojalyk önümçilik pudagy üçin täzelik bolan bu pudagy mundan beýläk hem ösdürmeklik alnyp barylýan oba hojalyk işlerine ylmy taýdan täzeçe çemeleşmek bilen şertlendirilendir. Hünärmenler pisse agaçlaryndan 3-4 ýyldan hasyl almagy meýilleşdirýärler. Şonda baglaryň her bir düýbi 3 kilogram töweregi hasyl berer. Hasylyň möçberi ýyl-ýyldan köpeler. Pissäniň aňrybaş mukdaryny – bir bag 30-35 kilogram pissäni 15 ýaşynda berer.

Pisse nahallaryny ekmegiň indiki tapgyry , agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, indiki güýz paslynda dowam etdiriler.