Şu günler gowaça ekiljek meýdanlarda ekiş möwsümi ýaýbaňlandyryldy. Onuň üstünlikli geçirilmegine ekerançylaryň, pudaklaýyn gurluşlarynyň, ýurduň ugurdaş edaralarynyň hünärmenleriniň birleşen tagallalary gönükdirilendir. Sebäbi häzirki ekiş möwsüminiň gowy hilli geçirilmegi gowaçanyň bol hasylynyň girewi bolup durýar.
Ekişiň netijeli bolmagynyň esasy şertleriniň biri hem tehnikalaryň başarnykly peýdalanylmagydyr. Bu sebäpli ýurtda ýewropa kompaniýalarynyň – oba hojalyk maşynlaryny we tehnikalaryny öndürijileriň önümlerine hyzmat edýän paýtagtyň “Erdem” hyzmat ediş merkezinde türkmen oba hojalyk işgärleri üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatyna Ahal welaýatynyň daýhan birleşikleriniň onlarçasynyň wekilleri gatnaşdylar. Çünki bu welaýatyň ekin meýdanlarynda daşary ýurtlarda öndürilen tehnikalaryň, şol sanda seýalkalaryň hem, köp sanlysy işledilýär.
Maslahata gatnaşyjylar tohumy takyk ekýän seýalkalaryň, Italiýanyň Maschio Gaspardo kompaniýasynyň öndürýän kultiwatorlarynyň, şeýle hem ekin meýdanlarynda ýokarda ady agzalan asma enjamlary bilen bilelikde ulanylýan Germaniýanyň CLAAS traktorlarynyň ulnyş endiklerini gowulandyrdylar.Ýerli howa-toprak şertlerini nazara almak bilen, tehnikalary sazlamagyň ugurlaryna garaldy. Oba hojalyk maşynlary iş ýüzünde görkezilip, olaryň gurluş aýratynlyklaryna garalyp geçildi.
Aýratyn hem gowaça tohumyny takyk ekýän seýalkalaryň netijeliligi ara alnyp, jikme-jik seljerildi. Olar her gektara ekilýän tohumy 4-5 esse – 20-25 kilograma çenli azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu seýalkalar ulanylanda ýurduň gowaça çigidini arassalaýan häzirki zaman kärhanalaryndan alynýan ýörite işlenilip taýýarlanylan daşy sypyrylan tohumlar ulanylýar. Arassalanan tohumlar we takyk ekýän seýalkalar ulanylyp geçirilýän ekiş möwsümi tohumyň has gowy gögermegi babatda özüniň gowy netijesini berýär. Bu bolsa gowaçanyň hasylly we onuň hiliniň gowy bolmagy üçin möhümdir.
Italiýada öndürilen seýalkalaryň ekin meýdanlarynda ulanylmagynyň başga-da birnäçe artykmaçlyklary bardyr. Mälim bolşy ýaly, gowaça özüniň ösüş döwründe ekişiň öň ýüzünden ýa-da ekiş döwründe berilýän dökünlerine bolan islegi köp bolýar. Bu agrotehniki kadalar Maschio Gaspardonyň işläp taýýarlaýjylary tarapyndan göz öňünde tutulandyr. Olaryň seýalkalary topraga dökün bermek üçin ýörite gap – bunker bilen üpjün edilendir. Adaty seýalkalardan tapawudy bu seýalkalarda tohumy öňünden çyglandyrmak, tohumlary ekmegi sazlaşdyrýan hünärmeni çagyrmak işleri aradan aýrylýar.
Mehanizatorlary okatmak işleri däbe öwrüldi. Onuň netijesinde bolsa, iş öndürüjiligi ýokary bolan tehnikalar türkmen ekin meýdanlarynda doly göwrümde işledilýär. Hyzmat ediş merkezleriniň binýadynda geçirilýän okuw-maslhatlaryndan başga-da ýurduň hünärmenleri daşary ýurt maşyngurluşyk kompaniýalarynyň öz wekilleriniň gatnaşmaklarynda Ýewropada hünär kämilligini yzygiderli geçmek ýola goýuldy.
Ýurduň oba hojalyk pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak döwletiň ileri tutýan syýasy ugurlarynyň biridir. Pudagyň iri senagat desgalarynyň gerimi barha ýaýbaňlanýar, ylmy binýat berkidilýär, ýurduň ekerançylyk hojalyklarynyň ekin meýdanlarynda ulanylýan “akylly” maşynlaryň we enjamlaryň sany gyşarnyksyz ösdürilýär. Dünýäň meşhur kompaniýalary tarapyndan öndürilýän öňdebaryjy tehnikalar döwlet buýurmasy esasnda ýurda getirilýär. Mundan hem başga, türkmen oba hojalyk işgärleri kompaniýalar-önüm öndürijiler bilen gönüden-göni hyzmatdaşlykda bolmak bilen, olary özbaşdak hem alýarlar. Munuň üçin ähli amatly şertler döredilendir. Hususan-da oňa amatly şertlerde berilýän bank karz pullary özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.