Howa şertleri bugdaýlaryň oňat hilli hasyl toplamagyna we boý almagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär
860 müň gektar meýdany eýeleýän ýurduň bugdaý ekilen meýdanynda olary dökün bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny bermek we ekinleri zyýan berijilerden we hapa-haşal otlardan goramak işleri alnyp barylýar. Ekinlere ideg etmek boýunça oba hojalyk möwsüminde “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň dürli görnüşli tehnikalarynyň bir ýarym müňi töweregi, şol sanda traktorlar, pürküjiler, tirkegler hem, ideg etmek işlerinde ulanylýar.
Gallaçylaryň belleýişleri ýaly, şu ýylyň bahar paslynyň howa şertleri – ýokary bolmadyk temperaturaly howanyň, güneşli günleriň köp bolmagy, ýagyşyň köp mukdarda ýagmagy bugdaýlaryň ösüşine öz oňaýly täsirini ýetirdi. Umuman, ýurt boýunça bugdaýdan oňat hilli gögeriş alyndy. Bugdaýlaryň oňat hilli boý almaklarynda Lebap welaýatynyň ekerançylary gowy hilli görkezijileri gazandylar.
Bugdaýlar agrotehniki möhletlere laýyklykda hasyla durup başlady. Gallaçylar ösüşiň bu tapgyryny iň möhüm möwsümleriň biri diýip hasap edýärler. Bu döwürde bugdaý toprakdan köp mukdarda ýokumly maddalary alýar. Onuň netijesinde bolsa ekiniň hasylly baldaklarynyň sany artyp, bugdaýdaky sümmülleriň sany, sümmüllerdäki bugdaý dänejikleriniň sanynyň artmagyna getirýär.
Ýurduň ekin meýdanlarynda bugdaýyň ýumşak we gaty görnüşleriniň 15-si ekilýär. Olar ýokary hasyllylygy, çalt ýetişýändigi, kesellere we howanyň pes derejelerine garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar. Olardan “Wassa”, “Irişka”, “Nota,”, “Batko”, “Sähraýy”, “Juwan”, “Ýolöten-1”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras” ýaly görnüşlerini görkezmek bolar.
Ekerançylar öňde duran tomus möwsüminde 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.