Ï Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady

view-icon 699
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde gurluşyk toplumynyň edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady. Bu ýerde oňa gatnaşyjylaryň 125-den gowragy, şol sanda 13 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 107-si öz önümlerini görkezdiler.

Ýörite gözden geçirilişiň çäklerinde maslahat geçirildi. Oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri, gurluşyk senagatynyň hünärmenleri, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan bilermenler gatnaşdylar.

Forumda hünärmenler Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň geljegi bilen baglanyşykly, pudaga iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça işler barada pikir alyşdylar. Türkmenistanda häzir öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de “nou-haulara” örän uly gyzyklanma bilen garalyp, ýurduň tehnologik kuwwatyny ösdürmek, gurluşyk senagatyny döwrebaplaşdyrmak üçin olara oňyn baha berilýändigini bellemek gerek.

Uly göwrümli sergi ençeme bölümleri birleşdirip, olarda gurluşyk materiallar, ýöriteleşdirilen tehnikalar we enjamlar, ýol gurluşygy, taslama düzülişi görkezildi. Aýratyn bölümler bezeg materiallaryna, otaglaryna düşelýän örtüklere hem-de olaryň bezeginiň dizaýnerçilik çözgütlerine, şeýle hem taslamalar düzülende we metal düzümleri gurnalanda tehniki täzelenişlere, üstki örtük serişdelerine we landşaft bezegine bagyşlandy. Pudakda barha has köp we ajaýyp taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän tehniki täzelenmeleri we täze serişdeleri giňden ornaşdyrmaga ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.


Täze binagärlik taslamalar serginiň myhmanlarynyň we oňa gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Taslamalaryň hatarynda geljekki, häzir gurulýan we bina etmäge teklip edilýän dolandyryş merkezleri, ýaşaýyş toplumlary, durmuş ulgamynyň desgalary görkezildi. Sergi ýurduň geljegine garamaga, iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy netijesinde ýakyn geljekde türkmen şäherleriniň köçeleriniň nähili keşpde boljakdygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berdi.

Aşgabat sebitiň binagärlik merjeni diýen şöhrada doly hukukly mynasyp boldy, uly möçberli gurluşyklar ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda ýaýbaňlandy. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly özgerýän keşbi häzirki eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça giňden alnyp barylýan özgertmeleriň, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň nusgasynyň üstünlige beslenýändiginiň oňat mysaly bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürülen gurluşyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň netijeliligi hem-de wajyplygy milli ykdysadyýetiň bu strategik ulgamynyň okgunly ýokary göterilmegini, ýaşayş jaýlaryň, durmuş we medeni ulgamynyň, senagat düzümleriniň, täze önümçilikleriň desgalarynyň gurluşyklarynyň artdyrylmagyny şertlendirdi.

Türkmenistanda gurluşyk senagatynyň mümkinçiligini yzygiderli artdyrmak üçin hemme zerur bolan şertler döredildi, ol milli ykdysadyýetiň örän depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Gurluşyk ulgamynda hususy telekeçilige goldamaga, gurluşyk materiallaryny öndürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Gurluşyk ulgamyna goýberilýän uly maýa goýumlary, amatly maýa goýum ýagdaýy esasy gurluşyk kompaniýalaryny, materiallary, ýörite tehnikalary we enjamlary öndürijileri çekmäge ýardam berýär.

Türkmen paýtagtyndaky ýörite ykdysady gözden geçirilişine uly üns berilmegi kanunalaýykdyr. Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen gurluşyk sergisi Türkmenistanyň ykdysady durmuşynda ähmiýetli waka boldy. Sergi daşary ýurt kompaniýalaryna täze hyzmatdaşlary tapmaga, sarp edijilere özleriniň täze işläp düzmelerini, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri görkezmäge ýardam berip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kärhanalary, potratçylar we öndürijiler üçin uly gepleşikler meýdançasyna öwrüldi.

Ykdysadyw gözden geçirilişiň işi tamamlanandan soň, onuň guramaçylary we oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda myhmansöýerlik hem-de serginiň ajaýyp guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiniň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.