Türkmenbaşy şäheriniň “Balkanbalyk” Döwlet kärhanasynyň deňiz duralgasyna üsti balyk ýükli “Balykçy” balyk doňdurujy gämisi geldi. Bu täze gäminiň Hazar deňziniň senagat sebitlerine bolan ikinji saparydyr we barha giň gerime eýe bolýan ýazky möwsümde birinji saparydyr.
Geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda ýene-de şuňa meňzeş gämileriň ikisi bilen Hazar balyk hojalygynyň üstüni ýetirdi hem-de synagdan geçirilenden soň Türkmenistanyň ykdysady zolagynyň çäklerinde senagat hyzmatyny etmäge başlady. Birinji sapar bir hepdelik wagt bilen deňizde boldy. Bu Hytaýdan Türkmenbaşy şäherine çenli 12 müň mil ýoly üstünlikli geçip gelen gäminiň deňizde ýüzüş hilini we balygy ortaça bir gije-gündiziň dowamynda tutulyşyny üpjün edýän enjamyň ajaýyp işini barlamak üçin ýeterlik möhletdir.
Deňze ikinji sapar çykmagy hem “Balykçy” gämisi üçin şowly bolup, bu sapar iki aýa çekdi. Kenara täze doňdurulan kilka balyklarynyň onlarça tonnasy getirildi. Balyk tutmaklyk Hazar kilkalarynyň adaty köp toplanýan ýerlerinde, köplenç Hazaryň türkmen kenarynda ýaşaýan ýerlerinde tutuldy.
Deňiz senagaty Balkan welaýatynyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet balyk tutmak flotilýasyny döwrebaplaşdyrmak üçin, onuň düzüminiň üsti häzirki zaman derejeli gämiler bilen ýetirilip, iri maýa goýumlaryny gönükdirýär. Häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda “Balykçy” gämisi bilen bir hatarda “Bereket” we “Garlawaç” balykdoňduryjy gämileri senagat işlerini alyp barýarlar.