Ï Döredijilikli energiýa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilikli energiýa

view-icon 757
Bagaja gaz ýatagynda suwuklanyrylan gazy almaga niýetlenen iki sany enjamdan ybarat bolan toplum işleýär. Olaryň her biri ýylda milliard kubmetr “mawy ýangyjy” gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Tebigy gaz bu ýere üç müň metrden gowrak çuňlukdan işleýän guýularyň 13-den ýerasty turbalar arkaly gelip gowuşýar. Girýän liniýalaryň blogynda aýry-aýry şleýfler bütewi akyma birikdirilýär, soňra bolsa kabul ediş separatorda gatlaklaryň garyndylaryndan arassalanylýar.

Işleri dolandyrmak düzülen programma laýyklykda, awtomatiki usulda alnyp barylýar. Gaz kükürtden arassalandan soňra tapgyrlaýyn guradylýar we has ýokary we has pes temperaturalarda guradylýar, ahyrky netijede bolsa, kondensasiýalar gerek suwuklygyna eýe bolýar we ammara iberilýär.


Bu örän uly göwrümli gaplardan propan-butan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suwuklyk guýulýan terminalyna ugradylýar, bu taýdan bolsa içerki we daşarky ugurlar boýunça ugradylýar. Onuň bilen bilelikde alynan gaz kondensaty hem beýleki bir turba arkaly daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýagty nebit önümlerini öndürmek üçin SNGIZ gelip gowuşýar. “Mawy ýangyjyň” özi degerli derejede gaýtadan işlenenden soňra gazyň harytlyk görnüşinde ilatyň zerurlyklary üçin magistral gaz geçirijisine gelip gowuşýar.

Senagat merkezinden uzak bolmadyk ýerde özboluşly üç gatly kottejlerden ybarat bolan çalşykly şäherçe ýerleşýär, bu ýerde önümçiligiň giňelmegi sebäpli goşmaça hökmünde giň ýaşaýyş jaýy guruldy. Şäherçede oňaýly naharhana, ykjam ýyladyşhana we saglyk nokady bar. Işgärleriň yhlaslary netijesi bu şäherçede pürli we miweli baglaryň sany barha köpelýär.

Geçen ýyl Bagajaly gazy gaýtadan işleýjiler öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi başardylar hem-de bu ýyla üstünlikli gadam basdylar. Şular ýaly gürrüňi olaryň kärdeşleri bolan Lebap welaýatynyň demirgazygynda ýerleşýän Naýyp ýatagynyň Naýyp toplumy barada hem etse bolar. Özi hem alynan propan-butanyň 90 göteriminden gowragy daşary ýurda iberildi. Üňüz aňyrsyndaky Garagumda iki sany senagat merkezlerini birleşdirýän “Gazygaýtadanişleýiş” müdirligi ýurduň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan ýylda guralýan “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine biziň goşandymyz” atly çäresiniň ýeňijisi diýlip, ykrar edildi.

Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň ýola goýulmagy garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen täze pudak bolup durýar. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlenilmegi netijesinde alynýan bäsdeşlige ukyply önümiň öndürilişini we eksporta iberilişini artdyrmak baradaky ugur ýurduň beýleki sebitlerinde hem maksadaokgunly dowam etdiriler.