Ýurduň ekin meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Onunjy aprelde ýurt boýunça ekilmeli gowaçanyň otuz göterimi töweregi ekildi. “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň 4800-den gowrak kultiwatorlary, “Belarus” kysymly hatar aralaryny ýumşadýan traktorlaryň 4500-den gowragy, sürüm traktorlarynyň müňden gowragy, diş-diş boronalaryň 24 müň sanysy we beýleki tehnikalar ekişde netijeli işledilýär. Tehnikalaryň ählisi tehniki hyzmatlary geçdiler, etraplaryň “Obahyzmat” kärhanalarynyň ussahanalarynda abatlanyldy we tejribe synagyny, şeýle hem meýdan şertlerinde hem synagdan geçirildi.
Gowaça tohumlarynyň ählisi Oba hojalyk ministrliginiň Tohumçylyk we sort-synag döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň hünärmenleri tarapyndan saýlanyp alyndy. Tohumlar kesellere garşy durnukly bolar ýaly, şeýle hem görnüşleri boýunça ýörite işlenilip taýýarlandy.
Häzirki wagtda daýhan birleşiklerinde we kärendeçilerde sürüm traktorlarynyň 500 töweregi traktorlar bar, olar hem ekişde netijeli ulanylýar. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we mülkdarlar daşary ýurt oba hojalyk tehnikalaryny uly höwes bilen edinýärler.