Türkmenistanda tomsuň paslynyň başlanmagy bilen ýurduň dört sebitinde badalga alýan öňde duran galla oragyna güýçli depginlerde taýýarlyk görülýär. Ýurduň demirgazygynda – Daşoguz welaýatynda galla oragyna iýun aýynyň ikinji ongünlüginde badalga beriler.
Öňde duran galla oragyny guramaçylykly geçirmek, oraga gatnaşýjylaryň zähmet çekmegini we dynç almaklaryny guramak bilen “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň, onuň tabynlygyndaky edaralaryň hünärmenleri, Awtomobil ulaglary ministrligi, welaýatlaryň häkimlikleri meşgullanýarlar.
Kuwwatly oba hojalyk tehnikalary taýýarlyk hataryna goýulýar. Orak möwsümini tehnikalar bilen üpjün etmek “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň üstüne ýüklendi. Bugdaý oragynda dünýä belli Claas, John Deer, Case kompaniýalarynyň däne orujy kombaýnlarynyň 1700-si netijeli ulanylar. Tehnikalar öz wagtynda, olary abatlamagy we ýangyç-çalgy ýaglaryny eltip bermegi goşmak bilen, hyzmat etmek üçin göçme mehanizimleşdirilen toparlaryň 350-si döredilýär. Ýygnalan bugdaýy kabul ediş nokatlaryna we elewatorlara daşamakda ýük daşaýan ulaglaryň 6 müň 800-si ulanylar. Galla oragy gije-gündizleýin alnyp barylar. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşyjylar üçin dynç alynýan ýerler, gyzgyn nahar, medeni-dynç alyş çäreleri guralar.
“Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň däne kabul eriş nokatlarynyň 155-inde we “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň Döwlet harmanyna gelip gowuşýan bugdaýlaryň hiline baha berýän barlaghanalarynda hem işler barha gyzyşýar.
Işleriň ählisi baş wezipä – däne ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagyna, dänäni ýitgisiz we gysga möhletlerde ýygnamaga gönükdirilendir. Bu möhüm oba hojalyk möwsümini bir aýyň dowamynda tamamlamak bellenildi. Türkmen gallaçylary şu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.
Ekerançylaryň şu günlerki bugdaýa ideg etmegiň ahyrky tapgyrynda alyp barýan işleri hem galla oragynyň üstünlikli tamamlanmagyna gönükdirilendir. Ýurduň umumy 860 müň gektar meýdana ekilen meýdanyna bugdaýyň gaty we ýumşak görnüşleri ekilendir. Olar bugdaýyň ýokary hasylly, çalt ýetişýän, kesellere we howanyň üýtgäp durmagyna garşy durmaga ukyply görnüşleridir. Olar bugdaýyň «Wassa», «Irişka», «Nota», «Batko», «Sähraýy», «Juwan», «Ýolöten-1», «Türkmenbaşy-1», «Gyzylşaglawuk-25», «Miras» ýaly görnüşlerinden ybaratdyr. Umuman welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynyň ählisinden hem bol hasyl almaga garaşylýar. Aýratyn hem Lebap welaýatynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda dok däneli we dykyz bugdaý sümmülleri göreniň göwnüni göterýär.