Döwlet maldarçylyk birleşiginiň hojalyklarynda mallardan owlak-guzy almak möwsümi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu baradaky tabşyryk üstünlikli ýerine ýetirilip, mallardan 760 müň guzy alyndy. Ahal, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň maldarlary bellenilen tabşyrygy doly möçberde ýerine ýetirdiler. Balkan welaýatynyň maldarlary hem bu tabşyryga örän ýakyn geldiler. Owlak-guzy almak ene mallaryň baş sanynyň ölçegleri boýunça kesgitlendi. Umuman şu ýylky alynan guzylary goşanyňda häzirki wagtda – 1-nji maýa döwlet birleşiginiň hojalyklarynda 2 million 204 müňden hem gowrak baş san bar ýa-da bu geçen ýylky görkezijä garanyňda 116, 8 göterim boldy.
Hünärmenler şu ýylky owlak-guzy möwsüminiň üstünlikli bolandygyny belleýärler. Muňa bolsa şu ýylky bahar paslynyň ygally bolmagy özüniň oňaýly täsirini ýetirdi. Ene mallaryň baş sanynyň abat we gurat bolmagy hem ýaş owlak guzylary almakda, saklamakda we iýmitlendirmekde uly ähmiýete eýedir.
Döwlet birleşiginiň hojalyklarynyň 67-siniň 46-sy goýundarçylyk hojalyklary bolup durýar. Olaryň köpüsinde goýunlaryň garaköli tohumy idedilýär. Mallardan owlak-guzy almakda Lebap welaýatynyň “Serdar” hojalygynda has gowy netije gazanyldy. Bu hojalykda bellenlen borçnama 109,5 göterim ýerine ýetirildi.
Şu ýyl Döwlet maldarçylyk birleşiginiň hojalyklarynda mallaryň baş sany ep-esli artdy. Şu ýylyň 1-nji maýyndaky ýagdaýa görä gara mallar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110,6 göterim, düýe – 109,3, guşlaryň baş sany bolsa üç esseden hem artdy.
2015-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň maglumatlary boýunça önüm öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli artdy. Etiň öndürilişi 239 göterim ýa-da 3380 tonna, süýt – 139,9 göterim ýa-da 1956,3 tonna boldy. Balkan we Ahal welaýatlarynda täze guşçulyk toplumlaryň ulanmaga berilmeginiň hasabyna 9593,6 müň sany ýumurtga öndürilip, onuň öndürilişi 43 esseden hem artdy. Mallardan ýüň almak 120 göterim ýa-da 1744 tonna ýüň alyndy, özi hem gyrkym möwsümi ýaňy başlandy we bu möwsümiň tamamlanmagy bilen onuň görkezijileri has hem guwandyryjy bolar.