Türkmen hünärmenleri Ysraýylyň Nahalal şäherinde geçirilen sebitleýin oba hojalyk maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat “Ösümlikleriň integrirlenen goragy: onuň ýagdaýy we ony mundan beýläk hem ýaýratmak” ady bilen OHT işgärleri üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň goldaw bermeginde geçirildi.
Türkmenistandan bu maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň – Ösümlikleri goramak we pagtaçylyk ylmy-barlag institutynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar ekologiki taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň – ylmy merkezlerde işläp taýýarlamalardan başlap Ysraýylyň işewürleriniň işleriniň mysalynda olary ýerlemäge çenli bolan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Miwe-gök ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde ysraýyllylaryň ulanýan howa şertleriniň meňzeşligi, ösümlikleri goramakda himiki serişdeleriniň örän az ulanmaklygy biziň hünärmenlerimizde uly gyzyklanma döretdi.