Gök we miwe ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk tehnikasy önümçiligi ýokarlandyrar
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda hususy oba hojalyk telekeçileriniň we Türkmenistanda işleýän oba hojalyk maşyngurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Ýakynda eksportyň möçberini artdyrmak we import harytlarynyň ornuny tutýan ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde oba hojalyk önümçiliginde telekeçileriň ösýän ornuny tehniki taýdan üpjün etmek duşuşygyň esasy temasy boldy. Bu maksatnamalar Türkmenistana mahsus bolan oba senagat pudaklaryny ösdürmekden daşgary hem azyk önümleriniň önümçiligini täze tehnologiki esasda özgertmegi göz öňünde tutýar.
Esasy maksat – içerki bazary et-süýt, gök-miwe ekinleri we balyk önümleri bilen üpjün etmek bolup durýar. Ýokary bäsleşikli ulgamda bolsa innowasiýa tehnikalarsyz üstünlik gazanmak mümkin däl.
Ýewropanyň belli «Claas», «Maschio Gaspardo», «Lemken», «Беларусь» we Amerikanyň - «Valley», «Case» и «John Deer» kompaniýalarynyň öndürýän tehnikalary bilen tanyşdyrylyş geçirildi. Bu meşhur tehnikalar biziň oba hojalyk pudagymyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edip, özlerini ýerli howa-toprak şertlerinde gowy görkezmegi başardylar.
Hususan-da, biziň ýurdumyzda meşhur daşary ýurt firmalarynyň 10-ny görkezýän “Erdem” hyzmat ediş şereketi gök ekerançylyk üçin biziň bazarymyz üçin täze asma enjamyny görkezdi. Olaryň hatarynda ýöriteleşdirilen seýalkalar we sogany, käşiri, kartoşkany ýygýan, italýanyň «Maschio Gaspardo» kompaniýasynyň önümi bolan miwe-gök ekinlerini ekmek üçin topragy taýýarlaýan freza görkezildi. Bu täze tehnikalaryň 25-si eýýäm 2015-nji ýylyň maý aýynda “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň ygtyýaryna gelip gowuşdy.
Şeýle hem tanyşdyrylyşyň barşynda «Ruchim» (Моldowa), «Syngenta» (Şweýsariýa), «Basf» и «Bayer» (Germaniýa) kompaniýalarynyň öndürýän ösümlikleri goraýan serişdeleri görkezildi. Ýerli telekeçiler hem tanyşdyrylyşa gatnaşyjylary öz önümleri bilen tanyşdyrdylar. Meselem, bu ýerde mallar, guşlar, balyklar üçin Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda ýerleşýän “Kämilligiň gözbaşy” HK öndürýän kombinirlenen iýmleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Kuwwatlylygy ýylda 30 müň tonna önüm öndürýän kärhanada ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa kombinirlenen iýmleriniň onlarça görnüşlerini öndürmek özleşdirildi, häzirki zaman tehnologiýalar esasynda önümleriň has netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.
Bir söz bilen aýdanyňda oba hojalyk önümçiligini hil taýdan täze tehnologiki derejä çykarmak, berk, ykdysady taýdan netijeli modeli emele getirmek üçin ähli şertler döredilýär