Ï “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy Mary şäherinde ýaşaýyş jaý toplumyny gurýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy Mary şäherinde ýaşaýyş jaý toplumyny gurýar

view-icon 2117
>“Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň işgärleri Mary şäherinde 14 gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna girişdiler. Ýokary hünärli hünärmenler we taslamaçylar (kärhananyň öz taslama edarasy bar), şeýle hem bu kärhananyň tehniki taýdan örän gowy üpjün edilmegi we öňki guran desgalarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bu hususy kärhananyň işleri baş ýerine ýetiriji hökmünde saýlanyp alynmagynyň esasy şerti bolup durýar.

Maşgalalaryň 472-si otaglary giňeldilen, ähli amatlyklary bolan öýleriň eýeleri bolarlar. Bir otagly öýleriň ýaşaýyş meýdany 60 inedördül metr bolsa, dört otagly öýleriňki 160 inedördül metre çenlidir.. Öýleriň aşhanalary gerek bolan enjamlar we mebeller bilen üpjün edilendir.

Binalaryň birinji gatlary dükanlar, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş taýdan hyzmat ediş ulgamynyň nokatlary üçin niýetlenendir. Ýaşaýyş jaýlarynyň abadanlaşdyryljak ýakyn ýerleşýän ýerlerinde çagalar oýun we sport meýdançalary, suw çüwdürimleri, ulag duralgalary we ulag jaýlary ýerleşer.


Alnyp barylýan gurluşyk işleriniň yzygiderliligini üpjün etmek maksady bilen, potratçynyň merkezi önümçilik binýadynda kuwwatly beton garyjy enjam bardyr. Bu ýerden garyndylar beton daşaýan ýörite ulaglarda gurluşyk meýdançalaryna daşalýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň dik we kese gurluşlary ýerli seýsmiki derejeleriň talaplary nazara alnyp, monolit demirbetondan ýerine ýeitrildi.

Şunlukda tonnel görnüşindäki galyplar ulanylýar. Gurluşyk meýdançasynda olaryň ulanylmagy panel gurluşygy üçin mahsus bolan uly göwrümdäki ölçeglerdäkä garanyňda, kiçi ölçegdäki galyplary ulanmaga mümkinçilik berýär. Elektrogurnama işleri bilen diwarlary we üçegiň böleklerini guýmak işleriniň bir wagtda geçirilmegi taslamalaryň bahasynyň ep-esli azalmagyna we işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär.

Gurluşyk işlerinde awtoýük göteriji, başnýaly kran, ekskwatorlar, ýük ýükleýjiler, garyjy – beton daşaýjy, ýüküni özi düşürýän yaly häzirki zaman ýokary öndürijilikli tehnikalar ulanylýar. “Ojar Aziýa” kärhanasynyň hem senagat-raýat, hem gara ýol gurluşyklarynda ulanylýan dürli ýörite tehnikaly, şeýle hem owradyjy enjamly we Duşakdan daşalýan çagly gaýtadan işleýän asfaltbetonly zawodly hususy maddy-tehniki binýadynyň bardygyny bellemelidiris. Bu kärhana ýakynda demir ýoly bilen inert materiallaryny daşamak üçin ýüküni özi düşürýän wagonlaryň ýüz sanysyny aldy. Bu bolsa ýükleri awtoulaglary bilen daşanyňdaka garanyňda ýük daşamagyň özüne düşýän gymmatyny ep-esli azaldar. Maryda gurulýan ýaşaýyş jaý toplumy potratçynyň hasabyna gurulýar. Gurluşyk işleri tamamlanandan soňra ýaşaýyş öýlerini isleg bildirýänleriň ählisi alyp bilerler. Birinji tapgyryň desgalaryny şu ýylyň ahyrynda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.