Onlarça ýyl mundan ozal gurulan Türkmenabat şäheriniň pagta egriji fabrigi geçen ýylyň fewral aýynda düýpli durky täzelenenden we tehniki taýdan doly enjamlaşdyrylandan soňra işläp başlady.
Tehnologiki konweýeriň ähli tapgyrlarynda häzirki zaman liniýalary gurnaldy we hereket edýär. Taýýar önümler biziň ýurdumyzyň dokma toplumlaryna we daşary ýurtlara iberilýär.
Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän şäheriň bu kärhanasynyň üstünlikli işlemegine zähmet tertip-düzgünine berk gözegçilik edilmegi we tehniki howpsuzlygyň berjaý edilmegi şert döredýär. Bu ýerde her aýyň 12-ne zähmeti goramagyň güni geçirilýär. Geçen ýylda bu maksatlar üçin umumylykda 160 müň manatdan gowrak serişde göýberildi. Bu mesele babatda fabrigiň administrasiýasy bilelikdäki toparlaýyn şertnama esasynda kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen ýakyndan özara hyzmatdaşlyk edýär.
Işgärlere, olaryň köpüsi bolsa zenanlardyr, ýörite geýim we respiratorlar, süýt önümleri, gyzgyn nahar, zerur gerek bolan zatlar mugtuna berilýär, üstüňden suw akydylýanly egin-eşik çalşyrylýan, naharhana olaryň hyzmatyndadyr. Fabrigiň işgärleri kärhananyň ýörite awtobuslary bilen işe gatnadylýar. Her ýylda dispanserizasiýa geçirilýär, kärhananyň özünde lukmançylyk nokady işgärlere hyzmat edýär. Fabrigiň daş töweregini bolsa köpçülikleýin ýowarlarda ekilen pürli baglardan ybarat bolan gök zolak gurşap alýar.
Zähmeti goramak boýunça we tehniki howpsuzlygy berjaý etmek boýunça ýazky gözden geçirilişde Türkmenabadyň pagta egriji fabrigi ýeňiji diýlip ykrar edildi.