Kriogen blasteriniň operatoryna traktoryň hereketlendirijisini arassalamak üçin bary-ýogy birnäçe minut gerek boldy. Köne çap edýän maşyny we beýleki çaphana enjamynyň reňkini ýuwmak üçin ondan hem az wagt gerek boldy. Bu ýagdaýda hem, öňki ýagdaýda hem “Takyk enjamlar” HJ operatory enjamlaryň daşky ýüzüni akytmak arkaly arassalamak üçin gaty kömür kislotasynyň garyndysyny ulandy. Hut minus 79 derejeli pürkülýän gaty kömürturşy gazy enjamlaryň ýüzündeki hapalary derrew arassalamakda netijeli esas boldy.
- Hapalary çäge pürkýän, garyndy bilen arassalamak, aýna owuntygy, güýçli suw bilen arassalamak ýaly usullary öňden bäri bellidir, ýöne gaty kömür kislotasynyň garyndysyny senagat taýdan ulanyp başlanyna kän wagt geçenok. Bu – XXI asyryň tehnologiýasy diýip, kompaniýanyň baş direktory Myrat Myratmuhammedow düşündirýär. – Bu usul aýratyn netijeli, ekologiki taýdan arassa we arassalanylýan enjamyň ýüzüni aýap, oňa degen badyna bugaryp gidýär. Şunlukda hapaň gatlagy ýyldyrym çaltlygynda sowaýar, ýukajyk bir zada öwrülip, enjamyň ýüzünden gaçýar. Indiki sapar pürkülende onuň galyndylary himiýany ulanmazdan doly arassalanýar.
Gaty kömür kislotasy bilen arassalamagyň tizligi adaty usullara garanyňda takmynan 2-4 esse çalt. Häzir zawodda kömürturşy gazyny öndürmek üçin “Takyk enjamlar” HJ sagatda gaty kömür kislotasynyň 136 kilogramyny öndürmäge mümkinçilik berýän enjamy gurnady. Bu pes temperaturaly önümi almagyň tehnologiýasy enjama gelip gowuşýan suwuk kömürturşy gazy port ýagdaýa – gara öwrülýär. Soňra ol köp mukdarda preslenýär. Preslenen gar kalibrlenen filýer bilen berk basylýar, netijede bolsa gaty kömür kislotasynyň digirleri emele gelýär. Arassalaýjy enjamda – blasterde - gaty kömür kislotasynyň digirleri gysylan howanyň kömegi bilen sekuntda 300 metre çenli kowulýar – iterilýär.
Şunuň ýaly takyk gurnalan kuwwatly nasadkaly “nagan” bilen islendik senagat enjamynyň daşyny arassalap bolar diýip, telekeçi gürrüň berýär. – Meselem, iň täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän enjamlary – nebit önümlerini daşaýan sisternalary, turbageçirijileri, maşyn parkyny, himiýa senagatynda – konweýer we dozalara bölýän enjamlary bitumlardan, smolalardan we ýelimlerden arassalamaga mümkinçilik döredi. Gurluşykda bu usul gurluşyk gurluşlarda posy aýyrmakda, binalaryň öň tarapyny täzelemekde, diwarlary ýagsyzlandyrmakda, reňkleri aýyrmakda, şeýle hem ýadygärlikleri, suw çüwdürimlerini arassalamakda, elektrik energetikasynda ony elektrik beketleri, TES-leri, generatorlary, turbinalary we beýleki enjamlary arassalamakda netijeli ulanyp bolar.
Mundan hem başga bu tehnologiýanyň ulanylmagy köçeleri arassalamak, ýangyn zerarly dörän hapalary aýyrmak işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär, ýelmeşgen örtükleri eretmäge mümkinçilik berýär. Hünärmenleriň pikirlerine görä, ol hapalaryň köp görnüşlerini – ýag, benzin, smola, gudron, asbest, zäherli galyndylar, gurum, ýanyk, ýelim ýaly hapalary netijeli aýyrmaga mümkinçiligi bardyr.
“Takyk enjamlar” HJ – Türkmenistanda enjamlary kriogen arassalaýyş innowasion usulyny usulyny ilkinji bolup ulananlaryň biridir, mundan hem başga ol hususy ýaşaýyş jaýlarynyň we senagat desgalarynyň awariýa elektrik üpjünçiligi üçin benzin, gaz we dizel generatorlaryny öndürýän ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň biri – GENERAG kompaniýasynyň resmi distribýutory bolup durýar. Hojalyk jemgyýetiniň baş ýolbaşçysy Myrat Myratmuhammedow “Prezidentbank” Döwlet täjirçilik bankyndan häzirki zaman önümçiligini guramak üçin telekeçilere bölünip berilýän ýeňilleşdirilen karz pul alyp, dogry edendigini belleýär. “Takyk enjamlar” HJ bu serişdelere önümçilik üçin gerek bolan enjamlaryň ähli toplumyny, şol sanda granulirlenen gaty kömür kislotasyny hem, aldy.
Telekeçi gelejekde hemme buýurmalary üpjün etmek maksady bilen, bu önümiň önümçiligini sagatda 272 kilograma ýetirmegi göz öňünde tutýar. Sebäbi gaty kömürturşysy diňe bir enjamlaryň daşyny arassalamakda ulanylman, eýsem sowatmakda, doňdurmakda, dürli önümleri daşamakda we saklamakda hem ulanylýar. Onuň ulanylýan ýerleri örän uly bolup, köp ulgamlary öz içine alýar.