Ï Türkmen hemrasyny kommersializirlemegiň strategiki meýilnamasy işlenilip taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hemrasyny kommersializirlemegiň strategiki meýilnamasy işlenilip taýýarlanylýar

view-icon 1028
Milli hemra aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin niýetlenen ilkinji «TürkmenÄlem 52oE» telekommunikasiýa hemrasy özüniň bellenilen ýerine ornaşdy hem-de döwlet telewideniýesiniň türkmen ýaýlymlaryny alyp görkezmege taýýar.

Töwerekleýin ekwatoriýaly orbita çykarylan, ýerden 35 müň 786 kilometr uzaklykda ýerleşen hem-de Ýeriň aýlanyşy bilen ugurdaş hereket edýän hemra indi ýeriň üstünde bellenen nokatda – Türkmenistanyň çäkleriniň üstünde gymyldysyz durar.

Onuň bort radioapparaturasy stansiýalaryň signallaryny kabul edip biler, olary güýçlendirip, beýleki ýerüsti radiostansiýalara alyp eşitdirip biler. Şunuň ýaly stasionar hemra diňe bir Türkmenistanyň çäklerini alnyp eşitdiriliş bilen üpjün etmän, eýsem bütin Orta Aziýany, Eýrany, Türkiýäni, Demirgazyk Afrikany we Ýewropanyň köp bölegini alyp eşitdiriliş bilen gurşap alyp biler. Biziň aragatnaşyk hemramyz telewideniýäniň gepleşiklerini, hemra telefon aragatnaşygyny, biri-birinden 10-15 müň kilometr uzaklykda ýerleşýän beýleki ýerüsti stansiýalar bilen maglumatlary alyşyp-berişmek bilen üpjün edip biler.

Iň täze tehnologiýalar boýunça kosmiki apparat

Türkmen milli aragatnaşyk hemrasyny ýerleşdirmek üçin Türkmenistan üçin oňaýly bolan orbital ýagdaý – gündogar uzaklygynyň 52-nji gradusy saýlanyp alyndy. «TürkmenÄlem 52oÝE» adyny alan türkmen milli aragatnaşyk hemrasy üçin dünýäde özboluşlylygy, ýokary ygtybarlylygy we hili bilen meşhur bolan «Spacebus 4000» maşgalasynyň häzirki zaman nesli saýlanyp alyndy. Onuň agramy 4,5 tonna bolup, ol telewizion signalynyň we aragatnaşygyň beýleki görnüşlerini ýokary takyklykda alyp eşitdirmäge niýetlenendir. Ony döredijiler onuň 15 ýyldan hem gowrak wagt orbitada işlemegine kepil geçýärler.

Hemranyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alyp, multhyzmatediş kommunikasion hyzmatlary, şol sanda sanly teleradio alnyp eşitdiriliş, telefon şekilli maslahatlar aragatnaşygyny, maglumatlary bermek, hemra Internetini, VSAT (Very Small Aperture Terminal) bukjany bermek üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlaryny öz içine alýar.

Hemrada umumylykda işjeň aragatnaşyk kanallarynyň – transponderleriň 38-si bar. Türkmenistan olaryň 26-ny öz şahsy maksatlary üçin ulanar, galan 12-si «Space Systems International-Monaco S.A.M» kompaniýasyna uzakmöhletleýin kärendesine berildi. Hemra üç antenna – gündogar, demirgazyk we MENA (Middle East & North Africa – Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika) bilen üpjün edilendir. Üç antennanyň üpjün edýän zolagy Ýewropanyň we Aziýanyň - Beýik Britaniýadan başlap Owganystana çenli, şeýle hem Glaý Gündogar we Demirgazyk Afrikanyň onlarça döwletlerini üpjün eder.

Geçen döwrüň içinde Ahal welaýatynda we Daşoguzda kosmiki apparatyny dolandyrmak üçin antenna we ýörite enjam bilen üpjün edilen esasy we ätiýaçlyk – ýeriň emeli hemrasyny dolandyrmak we monitoring merkezleriň (DMM) ikisi guruldy. “Orbita” ýerüsti stansiýada türkmen hemrasyndan telewizion signallary geçirmek we kabul etmek üçin antenna we enjamlar goýuldy.

«Thales Alenia Space» kompaniýasy diňe bir kosmiki apparatyny gurman hem-de ony göýbermäge taýýarlaman, eýsem Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen ýurduň täze kosmiki pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenlerini taýýarlamak babatda hem şertlerini hem ýerine ýetirdi.

Kosmiki hünärlerini özleşdirýäris Türkmen döwlet aragatnaşyk we ulag institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymlarynyň bir topary, şeýle hem daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerini tamamlan türkmen hünärmenleri – fizikaçylar, matematikaçylar, mehanikler, aragatnaşykçylar, kibernetikler we programmaçylar – iki ýyl töweregi «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň aerokosmiki kärhanalarynda okuw sapaklaryny geçdiler.

Häzirki wagtda gerek bolan hünärleriň ählisi boýunça – hemranyň orbital dinamikasy, hereketlendirijiler boýunça, awionika, radioelektronika, elektrikler, hemranyň tehniki uzellerini ölçemek boýunça inženerler, enjamlaryň ýerüsti segmentlerine hyzmat etmek boýunça, operatorlar taýýarlandy.

Ýaş hünärmenleri hemrany dolandyryş merkezlerindäki trenažýorlarda hünär kämilleşdirilişine uly üns berildi. Biziň menejerlerimiz kompaniýanyň awiakosmiki kärhanalarynda kosmiki apparatyň modullaryny ýygnamagyň barşyna gözegçilik etdiler, uzelleri synagdan geçirmäge, ýüklemäge we kosmodroma äkitmäge, äkidijini gurnamaga, elbetde, 28-nji aprelde 4 sagat 03 minutda bolup geçen uçurylyşa gatnaşdylar.

Türkmen kosmiki apparaty geostasionar orbitasyna göýberilende we çykarylanda Milli kosmos agentliginiň operatorlary, tehniki işgärleri fransuz hünärmenleri bilen bilelikde Hemrany dolandyryş merkezinde çalşykda nobatçylyk etdiler. Olar uçurmaga taýýarlyk, kosmiki apparatyň aralyk orbitadan ýuwaş-ýuwaşdan geçmegini ugrukdyrmak bilen, Demirgazyk Koreýanyň, Italiýanyň we Amerikanyň çäkleri bilen deň fazaly dolandyrmakda uçuşyň traýektoriýasyna gözegçilik etmek bilen meşgullandylar.

«TürkmenÄlem 52oÝE» iş ornuny eýelemegi üçin MKA orbital topary hasabaty çykardylar hem-de olary operatorlara berdiler. Ýerden berilýän buýruk boýunça belli bir wagtda reaktiw hereketlendirijini işletdi. Bu gysga wagtda hemra goşmaça tizligi berdi. Şeýlelik bilen, olar ýuwaş-ýuwaşdan apparaty apogeýiň perigeýe deň bolan bellenen orbitasyna çykardylar. Häzirki wagtda biziň hünärmenlerimiz hemra yzygiderli gözegçilik edýärler, apparatyň geostasionar orbitadaky ýagdaýy we onuň uzelleriniň ýagdaýy barada telemetriki maglumatlary alýarlar, onuň Ýeriň töweregindäki uçuny ugrukdurýarlar, peýdaly ýüki testleşdirýärler.

Täze hemranyň synag edilşiniň barşynda MKA stažýorlar toparynyň biri modullar kommunikasiýalarynyň, merkezi orbita hereketlendirijisiniň we beýleki enjamlaryň işleýşini barlady. Aragatnaşykçylar topary fransuz kärdeşleri bilen bilelikde antennalaryň we gün batareýalaryny açmak boýunça işleri geçirdiler, telewizion kanallary üçin birnäçe transponderleri iş ýagdaýyna getirdiler. Ýerüsti kabul ediş-geçiriji enjamlara we antenna hojalygyna jogap berýän hünärmenleriň üçünji topary Uçuşy dolandyrmagyň merkeziniň işine gözegçilik etdiler

Peýdaly ýüki testleşdirme 40-45 günläp dowam etdi. Aragatnaşyk hemrasyny taýýarlamak işleriniň ählisi tamamlanandan soňra «Thales Alenia Space» kompaniýasy aragatnaşyk hemrasyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen Döwlet toparyna kabul etmek-bermek işlerine girişdi.

«Türkmen hemrasy» kosmos apparatynyň netijeliligini üpjün eder

Türkmen hemrasynyň öz orbita ornuna çykandan soňra hem-de aragatnaşyk hemra ulgamy doly bahaly işläp başlanda ýurduň hünärmenleriniň öňünde bu taslamadan aňrybaş netijäni almak üçin onuň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça hereket etmek wezipesi durýar. Bu maksatlar üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Onuň üstüne hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça işleri alyp barmak we Türkmenistanyň çäklerinde we daşary ýurtlarda hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek ýüklendi. Bu paýdarlar jemgyýetiniň düzümine Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, “Türkmentelekom” aragatnaşyk kärhanasy, “Altyn Asyr” ÝGPJ girdi.

Häzir dürli pudagyň hünärmenleriniň – hukukçylaryň, ykdysadçylaryň, marketologlaryň, tehnologlaryň, aragatnaşykçylaryň kömegi bilen türkmen hemrasyny ulanmaga bermekligiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanylýar.

Türkmen hemrasynyň peýdaly ýüküni – tele we aragatnaşyk enjamlaryny ulanyp başlamak Döwlet toparynyň işi tamamlanandan soňra başlanar. Ýurda hemişelik alyp görkezmek üçin milli teleýaýlymlarynyň ýedisine «TürkmenÄlem 52oÝE» kosmos retranslýatoryň oturdylmagy bu ugurda ilkinji ädim bolar. Munuň üçin hemrada transponderler taýýarlandy, “Orbita” stansiýsynda bolsa eýýäm RÇ kabul ediş-beriş enjamy gurnaldy.

Öň ýatlap geçişimiz ýaly, hemra transponderleriň 38-nden 26-sy Türkmenistanyň ygtyýarynda. Hemra telewideniýesi üçin «BSS» radioýygylyk kanallarynyň 10-sy niýetlenendir. Olaryň geçirijilik ukyby hem standartlara laýyklykda, hem ýokary ygtyýarly ýagdaýda teleýaýlymlaryň onlarçasyny alyp görkezmäge mümkinçilik berýär.

«TürkmenÄlem 52oÝE» Ku ýygylykda ýaýlyma çykmaga mümkinçilik berer. Bu usul uly bolmadyk antennalar bilen ýaýlymy kabul etmäge mümkinçilik berýär. Telealnyp görkezilişiň hemra kanallaryny kabul etmek üçin antennany 52 gradus öwürmek ýeterlik derejede bolar. Bu ýagdaýa geçilende öň “Ýamal” aragatnaşyk hemrasy arkaly alnyp görkezilen kanallaryň ählisi öňküligine saklanyp galar. Bu günki gün kosmos retranslýatoryň mümkinçilikleriniň milli telewideniýäniň zerurlyklaryndan artyk gelýändigini nazarda tutup, hemra aragatnaşyk kanallarynyň köp bölegini Türkmenistan daşary ýyrt kanallaryny alyp görkezmek üçin we hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek üçin kärendesine berer.

Türkmen aragatnaşyk hemrasy örän kuwwatly bolup, ol örän ýokary çykaryldy. Ol haçan-da uly möçberdäki maglumatlary uzak aralyklara gyssagly bermeli bolanda dürli ýagdaýlarda ulanylyp biliner. Meselem, ep-esli çäkleri gurşap alýan «TürkmenÄlem 52oÝE» hemranyň ýagdaýy Türkmenistana kanallary Ýewropa we Aziýa alyp görkezmekde üstaşyr geçirýän ýurt hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär.

Hemrada transponderleriň ýene-de bir görnüşiniň - «FSS» bolmagy biri-birinden müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalaryň arasynda maglumatlary bermek üçin peýdalanmaga, giň zolakly internetiň hyzmatlaryny etmäge, uzak aralykdan okuwlary, distansion lukmançylygy, şol sanda dürli wideomaslahatlary, şeýle hem kommunikasiýa hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini guramaga mümkinçilik berýär. Bu maksatlar üçin golaý geljekde teleportyň gurluşygy boýunça bäsleşik geçiriler. Onuň kömegi bilen hemra aragatnaşyk hyzmatlarynyň spektrleri giňeýär.

Hususy aragatnaşyk hemrasynyň bolmagy biziň ýurdumyzda VSAT ulgamyny işjeň peýdalanmagyna mümkinçilik berer. Ol halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giňden ulanmakda öz ornuny tapar.

Telelukmançylyk, tiz Internet, ýokary hilli aragatnaşyk...

VSAT esasynda hemra aragatnaşyk ulgamynyň artykmaçlygy tory çalt ýaýbaňlandyrmakdan, konfigurasiýanyň ýönekeýliginden, ygtybarlylykdan, abonent terminallaryny ýönekeý ornaşdyrmakdan, olaryň ýeňil awtoulaglarda hem oturdylyp bolýandygyndan ybaratdyr. Meselem, hemra enjamynyň kömegi bilen, nebit we gaz ýataklarynyň hünärmenleri bilen tiz habarlaşyp bolar, gaz basyş we nebit guýýan beketleri gözegçilikde saklap bolar, işlere gözegçilik edip we dolandyryp bolar, aýdalyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda, elektrik beketleriniň kiçi beketlerinde , gurluşyk meýdançalarynda, oba hojalyk toplumynyň desgalarynda.

Kosmos tehnikasy bank işlerini awtomatlaşdyrmak üçin serişde hökmünde bank ulgamynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň daşary ýurt kärdeşleri bilen maglumatlary alyşmakda, ýokary okuw mekdeplerinde aralyk-distansion okuwlaryny geçirmekde giňden ulanylar. Bu ulgam lomaý we bölek söwda ulgamynda, senagat we hususy kärhanalarda, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda ulanylar. VSAT ulgamynyň enjamlary esasynda Internete girmek, hemra telefon aragatnaşygy, territorial taýdan aýry bölekde bolan ulanyjylaryň lokal torlaryny birleşdirmek, bar bolan aragatnaşyk kanallaryny ätiýaçlandyrmak, audio-wideo maslahatlary guramak ýaly hyzmatlary etmek üçin doly bahaly multi hyzmat edişi gurap bolar.

Bu görnüşiň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem kommunikasion tehnologiýalary – ilatly nokatlardan uzaklarda ýerleşýän– çölde, daglyk ýerlerde, deňizde ýerleşýän desgalary ýokary hilli aragatnaşyk bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýänligidir. VSAT-tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýurtda hemra aragatnaşyklarynyň täze mümkinçiliklerine itergi berer.

Hemra telelukmançylykda aýratyn orny eýelär – aralyk örän daş bolan ýagdaýynda maglumatlar-kommunikasion tehnologiýalary peýdalanmak bilen, lukmançylyk hyzmatlary boýunça hyzmatlary edip biler. Hemra telelukmançylygynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem – uzaklarda ýerleşýän sebitlerde uly lukmançylyk merkezleriniň hünärmenleriniň ýokary hünärli kömeklerini bermäge döreýän mümkinçilikdir we şunlukda ýarawsyzlaryň çykdajylaryny düýpli azaltmaga bolan mümkinçiligidir.

Telelukmançylyk netijesinde lukmanlar wideoleksiýalara, wideoseminarlara, maslahatlara “gatnaşyp” bilerler ýa-da iň abraýly hünärmenler tarapyndan geçirilýän operasiýalara, operasiýa edilýän wagty müňlerçe kilometr uzakda bolsalar-da, syn edip bilerler. Has tejribeli lukman distansion aralykdan tejribesi az bolan kärdeşiniň işini barlap durup biler. Awariýa bolan ýerlerde işlemek üçin ykjam telelukmançylyk toplumy öndürilýär. Dinamiki gözegçilik telelukamçylyk ulgamlary hroniki kesellerden ejir çekýän syrkawlara gözegçilik etmek üçin peýdalanylar.

Telelukmançylygyň geljegi uly bolan ugurlaryna telehirurgiýa we distansion gözlegler degişlidir. Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy lukmançylykda global telekomminikasiýalar toruny döretmek baradaky taglymaty işläp taýýarlaýar. Bu ýerde ylmy resminamalar we maglumatlar alyşmak, maglumatlaryň ýöriteleşdirilen bazalaryna telekommunikasion ulgamlar tory arkaly girmek bilen, onuň çaltlandyrylan gözlegleri, gaýybana çekeleşmeleri we maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýokary halkara standartlaryna we maglumatlar söhbetdeşliginiň hiline laýyk gelýän kämil telelekommunikasiýa ulgamyň döredilmegi yklymda möhüm maglumatlar-kommunikasiýa köpri hökmünde biziň ýurdumyzyň abraynyň berkidilmegine şert döreder.