Ï Ýurtda öndürilýän önümler 483-den başlaýan sanly belgileri alarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurtda öndürilýän önümler 483-den başlaýan sanly belgileri alarlar

view-icon 1005
Sanly belgiler boýunça milli gurama «GSI» Halkara guramasyna agzalyga kabul edildi. Ýurtda öndürilýän önümlere degişli sanly belgi berildi. Bu çözgüt «GSI» Halkara guramasynyň Baş assambleýasynyň Sidneýde (Awstraliýa) geçirilen mejlisinde gatnaşyjy ýurtlaryň 111 tarapyndan bir agyzdan kabul edildi. Biziň ýurdumyzda öndürilýän önümler 483-den başlaýan sanly belgileri alarlar.

GSI – “Global Standart” Halkara ulgamy harytlaryň we hyzmatlaryň hil we bäsdeşlige ukyplylygyny bazar sazlaşygynda möhüm gural bolup durýar.

Sanly belgiler boýunça Milli gurama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paý gatnaşyklarynda döredilendir hem-de onuň 366 agzasy bardyr. Ýurtda sanly belgiler ulgamyny girizmek boýunça uly göwrümli işler alnyp barylýar, ýurduň önüm öndürijileri tarapyndan öndürilýän harytlyk önümleriniň atlarynyň 20 müňüsi töweregine eýýäm degişli nyşan belgileri berildi.