Daýhanlaryň we mehanizatorlaryň mukaddes zähmetlerini dabaralandyrýan Galla baýramynyň öňisyrasynda gallaçylar 1 million 400 müň tonnadan gowrak däne ýygnamagy başardylar. Yssy günleri nazara alanyňda bu möwsümde gazanylan üstünlik gallaçy daýhanlaryň hakyky edermenligi bolup durýar. Olaryň ýadawsyz çeken zähmetleri netijesinde bu ýylda ýokary netijeler gazanyldy.
Şu ýyl 860 müň metr meýdana bugdaý ekildi. Onuň esasy bölegine «Sähraýy», «Ýolöten-1», «Bitarap», «Juwan», «Тürkmenbaşy» we «Тürkmenbaşy-1», «Batko », «Ýubileýnaýa-100», «Irişka», «Wassa» и «Nota» ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi.
Umuman ýurt boýunça möwsümde «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» ýaly we beýleki däne orujy kombaýnlaryň 1700-si netijeli işledildi..
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda bugdaýyň öndürilişi birnäçe esse artdy. Bu bolsa ýurduň una, çörek-bulka, aş we beýleki çörek önümlerine bolan talaby doly kanagatlandyrmaga we galla garaşsyzlygyny gazanmaga mümkinçilik berdi.
Ýurtda galla saklanylýan, elewatorlarlaryň, gaýtadan işleýän toplumlaryň kuwwatly gurluşy döredildi. Un taýýarlaýan kärhanalaryň 19-sy, galla kabul ediş nokatlarynyň 6-sy, çörek bişirýän kärhanalaryň 35-si, aş öndürýän kärhanalaryň 2-si, taýýar önümleri halka ýetirýän firma dükanlarynyň 354-si “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň düzümine girýär. Döwlet birleşiginiň dänäni gaýtadan işleýän kärhanalarynyň umumy kuwwatlylygy ýylda 1 million 130,6 müň tonna uny taýýarlamaga mümkinçiligi bardyr.
“Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek böleginiň maddy-tehniki binýady yzygiderlilikde berkidilýär. Şeýlelikde, geçen ýyl umumy göwrümi 360 müň tonna bugdaý saklamaga mümkinçiligi bolan elewatorlaryň 8-si birbada ulanylmaga berildi.