Ýurdumyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarda eýýäm awgust aýynyň aýagynda başlanjak pagta ýygymy möwsüminde taýýarlyk tamamlanyp barýar. Ammar jaýlarynyň we kömekçi binalaryň, sehleriň düýpli abatlanylyşy geçirildi. Pagta taýýarlaýyş nokatlarynyň bazarlarynda abatlaýyş işleriniň uly möçberi amala aşyryldy. Pagta çig malyny daşaýan, kabul edýän hem-de gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen tehniki enjamlar synagdan geçirilýär. Enjamlaryň bökdençsiz işlemegi üçin ätiýaçlyk şaýlary öndürilýär, tehnikalaryň dürli abzallary we enjamlary taýýarlanylýar we dikeldilýär, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň abatlaýyş-üpjünçilik düzümleri möwsüme taýýarlanylýar.
“Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda kabul ediş nokatlarynyň we zawodlaryň ýanyndaky barlaghanalaryň abzallarynyň we gözegçilik –ölçeýji enjamlarynyň işleýşi gözden geçirilýär. Bu ýerde pagta ýygymynyň başlamagy bilen gelip gowuşýan hasylyň hiline baha berler.
Tutuşlygyna ýurdumyzyň sebitlerinde “Türkmenpagta” döwlet konserniniň 35 sany pagta arassalaýjy kärhanasy we 152 sany pagta taýýarlaýyş nokatlary işleýär. Şu ýyl pudak boýunça ýene iki sany täze desga işe girizildi. Hersiniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar pagta çigidini işläp çykarýan pagta arassalaýjy kärhanalaryň ikisi Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda hem-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda işe girizildi. Şeýle kärhanalaryň ýene biriniň Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda açylmagyna taýýarlyk görülýär.
Pagta ýygýan kombaýnlar, derman pürküji traktorlar, şeýle hem ýük awtoulagy, tirkegler, ýangyç daşaýan ulaglar we beýleki tehnikalar pagta meýdanlarynda işe taýýarlanylýar. Öňde duran pagta ýygym möwsümini “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi we “Türkmenpagta” döwlet konserni tehniki taýdan üpjün etmek üçin işleýär. Şu ýyl ýurdumyzyň umumy meýdany 545 müň gektara barabar bolan pagta meýdanlaryndan daýhanlarymyz 1 million 50 müň tonna pagta ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.