“Türkmennebit” döwlet konserniniň işgärleri gözleg-agtaryş we buraw işleriniň gerimini giňeldip, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrdylar. Şu ýylyň birinji ýarymynda 42 guýy ulanmaga berildi, olaryň 34-si gözleg, 8-si bolsa ulanmak üçin niýetlenilýär.
Goturdepe buraw işleri müdirliginiň işgärleri has tapawutlandylar. Geçen alty aýyň dowamynda olar “Goturdepenebit” nebitgaz çykaryjy müdirligine 11 sany önümli guýyny tabşyrdylar, bu beýleki müdirlikleriň netijeleri bilen deňeşdirilende has ýokarydyr.
Soňky aýlarda 167-nji, 1770-nji we 650-nji täze guýularda nebit akymlary ýüze çykaryldy, ol guýular “Dagajyk”, gündogar we demirgazyk Goturdepe känlerinde ýerleşýär. Olar bir gije-gündiziň dowamynda 20-60 tonna çenli nebit bermäge ukyplydyr. Häzirki wagtda Hazaryň deňiz ýalpaklygynda demirgazyk Goturdepede ýerleşýän 218-nji guýuda buraw işleri geçirilýär.
Nebit çykaryjylar üçin degişli iş möçberlerini döretmek Goturdepe nebit çykaryjy müdirliginde oňat netijeleri berýär. Bu müdirlik boýunça ýylyň birinji ýarymynda 1 million 700 müň tonnadan gowrak “gara altyn” alyndy, munuň özi tutuş “Türkmennebit” döwlet konserni boýunça çykarylan çig malyň umumy möçberiniň ýarysyna deňdir.