Häzirki wagtda türkmen dokma önümleri dünýäniň 70-den gowrak ýurduna iberilýär. Kärhanalaryň gaýtadan enjamlaşdyrylmagy hem-de “çig mal-taýýar önüm” tehnologiýa zynjyrynyň emele getirilmegi ýurdumyzyň iri dokma kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyply bolmagyna esasy şertidir.
Aşgabadyň Modalar öýüniň binýadynda trikotaž bölüminiň, şeýle hem Aşgabat dokma toplumynyň Abadandaky pagta egriji fabriginiň binýadynda dokma önümleriniň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça bölümi gurmak göz öňünde tutulýar.
Trikotaž bölüminde iň täze ýokary tehnologiýaly enjamlar-- dünýä belli “Shima”, “Juki”, “Pegasus” we “Conti” kompaniýalarynyň meşhur önümçilik nyşanlary bolan enjamlar gurnalar.
Dokma önümçiliginde dürli galyndylar – nah matanyň bölekleri, ýüplükleriň galyndylary we beýleki önümçilik galyndylary emele gelýär. Abadanyň pagta egirme fabriginiň täze bölüminiň işe girizilmegi bilen ýylda 5 müň tonna önümçilik galyndysyny gaýtadan işlemäge mümkinçilik dörär, olar gaýtadan dikeldip önümçilige gaýtarylar. Bu bolsa gymmat bahaly pagta çig malyny tygşytlamaga mümkinçilik berer. Bu bölümi türk “Balkan” kompaniýasy enjamlaşdyrar. Şeýle hem türkmen hünärmenleriň okatmak göz öňünde tutulýar.
Abadanyň pagta egiriji fabrigi Ýewropanyň belli kompaniýalarynyň abzallary bilen enjamlaşdyrylandyr we dünýä dokma bazaryna ýokary hilli önümleri iberýän kärhanalaryň biri hökmünde bellidir, bu ýerde öndürilýän dokma önümleri halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Onuň binýadynda täze bölümiň açylmagy galyndysyz önümçiligi ýola goýmak ugrunda möhüm ädim bolar.