Ï “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gysyjy stansiýasynyň taslamasy düzülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gysyjy stansiýasynyň taslamasy düzülýär

view-icon 1352
Türkmenistanda gurulýan uzynlygy 800 kilometr hem-de ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi ýurdumyzyň iri gaz känlerini birleşdirer hem-de türkmen ýangyjyny dürli ugurlar boýunça dünýä bazarlaryna ibermek üçin şertleri döreder. Bu gaz geçirijini “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň düzümleri gurýarlar. Bu gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz kompressor stansiýasyndan başlanýar, günbatar ugry boýunça Mary hem-de Ahal welaýatlarynyň çäklerinden geçýär we Balkan welaýatyndaky “Belek” gaz kompressor stansiýasyna birikdiriler. Gaz geçirijiniň ulgam böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagyna birnäçe aý galdy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabatdaky “Nebitgazylymtaslama” institutynyň hünärmenleriniň gaz geçirijiniň ulgam böleginiň taslama işlerini öz wagtynda tamamlamaklary bu taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şerti boldy.


“Türkmengaz” DKN-nyň Nebit we gaz instituty bu iri taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny, inžener-barlag hem-de taslama işlerini ýerine ýetirdi. Institutyň direktorynyň orunbasary Hudaýguly Çaryýewiň belleýşi ýaly, şatlykda wahta usulynda işlemek üçin şäherçäniň binagärlik-gurluşyk bölegini, gaz geçirijiniň elektrik üpjünçilik desgalarynyň, suw ýygnaýjy hem-de lagym ulgamlarynyň, eltiji ýollaryň, uzynlygy 430 kilometr bolan Şatlyk-Aşgabat ugry boýunça KS meýdanda dolandyryş nokatlaryny we telemehanika hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamalaryny düzmek işleri alnyp barylýar. Nebit we gaz institutynyň we Ukrainanyň “WNIIPITRANSGAZ” institutynyň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallalary bilen göz öňünde tutulýan alty kompressor stansiýalarynyň ikisiniň – “Şatlyk” we “Yzgant” stansiýalarynyň taslamasy düzülýär.

Taslamaçylar ýeriň dürli derejeli tekizligi bilen baglanyşykly päsgelçilikleriň çözgüdini tapmak üçin duzly we batgaly meýdanlar üçin melioratiw çärelerini, şeýle hem turbalaryň ýerasty suwdan goragy üçin zerur bolan çäreleri işläp düzdüler. Inženerler ýörite buraw işlerini geçirmek arkaly çylşyrymly ýerlerden, suw akymlarynyň geçýän meýdanlaryndan täze gaz geçiriji ulgamyny geçirmegiň anyk çäklerini hem-de usullaryny kesgitlediler öň bar bolan gaz geçirijileriň sepleşýän ýerlerini anykladylar.

Bu taslama durmuşa geçirilmezinden ozal hünärmenler Malaý-Bagtyýarlyk, Türkmenistan –Hytaý, Eýrana tarap ikinji gaz geçiriji Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijileriniň gurluşygynda zerur bolan iş tejribesini topladylar.